(Tymsal)
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bir adam öz melleginiň bir künjüne bägül tohumlaryny sepip, oňa ideg edipdir. Günleriň bir güni onuň nazary şu gün erte açylmaly owadan bägül gunçalarynda eglenipdir. Ýöne gülleriň baldagyndaky tikenlere pisindi oturman: «Ýogsa-da nädip, ýiti tikenli ösümliklerden beýle owadan güller açylyp bilýärkä?» diýipdir-de, gunçalap başlan bägüllere idi-yssywat etmesini bes edip, olary suwdan hem kesipdir. Netijede, gunçalap açylmaly bägüller kem-kemden süllermek bilen bolupdyr.
Gynansak-da, käwagt durmuşda-da şuňa meňzeş ýagdaýlar az bolmaýar. Her bir adamda şol bägüller mysaly, ony üýtgeşik edip görkezýän tapawutly häsiýet aýratynlygy bolýar. Ol aýratynlyk biziň ganymyzda, emer-damarymyzda owal başdan ornaşyp, biziň her birimizde bar bolan «tikenleriň» – ýetmezçilikleriň arasynda boý alýarlar. Adatça, biziň köpimiz özgelere seredip, diňe şo «tikenlerdir» kemçilikleri görüp, öz aňymyza görä, baha berýäris.
Özgeleriň «tikenlerine» garaman, olardaky «bägülleri» görüp bilmek ukyby ynsanyýetiň iň naýbaşy aýratynlygydyr. Ynsan köňlüniň çuňlugynda kök uran mynasyp aýratynlyklary nazara alyp, kemçilikleri bolşy ýaly kabul etmek hem adamzada bolan söýginiň bir nyşanydyr. Eger-de biz ynsanlardaky «bägülleri» özlerine görkezmegi başarsak, olar basym özleriniň «tikenlerinden» dynmagyň ugruna çykarlar. Şondan soň olar hemişe «gül açyp pajarlarlar».