Abraýly halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda 2017-nji we 2018-nji ýyllarda hem jemi içerki önümiň ýokary depgin bilen, ýagny 6,4 göterim derejede ösmegine garaşylýar. 2017-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça-da ykdysady ösüş derejesi 6,4 göterimde saklanyldy. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik desgalarynyň köp sanlysynyň işe girizilmegi bilen gazanyldy.
2017-nji – Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň esasy wakalarynyň biri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boldy. Uzak ýyllaryň dowamynda Aziýa yklymynyň uly ýaryşyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Şonuň netijesinde, ol hem ýurdumyz hem-de türkmen sportunyň halkara derejesinde ykrar edilmegi babatda oňat netijeler bilen jemlendi. Türkmenistanyň we paýtagtymyz Aşgabadyň halkara sport merkezine öwrülmegine saldamly goşant goşan Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri jemi 245 medal gazandylar. Dünýä derejesinde geçirilen bu Oýunlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki we dünýä Olimpiýa hereketindäki at-abraýyny has-da pugtalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrunda uly işler amala aşyryldy. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ortaça möçberini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistan indi durmuş-ykdysady görkezijileri boýunça girdeji derejesi ýokary bolan ýurtlary häsiýetlendirýän umumy kabul edilen sepgitden geçdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi. Şol maksatnama laýyklykda öňümizdäki 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ösüş depginini ýokary (6,2 – 8,2 göterim) derejede saklamak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ulgamyna esasy maýa goýumy hökmünde 240 milliard manatdan gowrak serişde goýberiler. Şu döwürde nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler we 6 müň 900-den gowrak täze iş orunlary dörediler.
Kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam berýän emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendigine şaýatlyk edýär. Milli kosmos ulgamymyzy kämilleşdirmek we ösdürmek üçin, 2018–2024-nji ýyllarda 1 milliard 300 million manada golaý düýpli maýa goýumlaryny gönükdirmek bellenilýär. Şol döwürde ýerüsti gözegçiligi geçirmäge niýetlenen ýene-de bir emeli hemrany döretmek we älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, oba hojalygynda, nebit senagatynda alnyp barylýan işlere we daşky gurşawa gözegçilik etmäge şert döreder.
Türkmenistanlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etdi. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde, Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgalalar täze jaýlara göçüp barýarlar. Muňa, şu günler paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde gurlup, ulanmaga berlen 12 gatly kaşaň belent ýaşaýyş jaýlary, kottejler toplumy aýdyň şaýatlyk edýär.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.
Berkarar ýurdumyzyň batly gadamlary
Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň köp sanlysy guruldy, şol döwrüň içinde awtomobil we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri çekildi. Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnalaryny öndürmek, asyryň iri taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin milliardlarça maýa goýumlary goýuldy. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.