Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça meýilnamalaryna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Şu ýyl dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e, düýelerden köşegiň 3 müň 200-e golaýy alnyp, bu babatdaky meýilnama, degişlilikde, 101,5 hem-de 100,73 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň, welaýatyň daýhan birleşikleriniň we kömekçi hojalyklarynyň edermen sähra merdanalary jogapkärli möwsümi häzirki günlerde hem guramaçylykly dowam etdirýärler. Ahal ýaýlasynyň maldarlarynyň gazanan üstünliginde welaýatyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynyň ussatlarynyň saldamly goşandy bar.
Ak bugdaý etrabynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzynyň 29 müň 948-sini alyp, meýilnamany 102,6 göterim, düýelerden köşegiň 1 müň 351-sini alyp, borçnamany 101,58 göterim ýerine ýetirmegi başardylar. Tejen etrabynyň maldarlarynyň owlak-guzy almak boýunça görkezijileri has-da guwandyryjy. Dowarlardan owlak-guzynyň 31 müň 931-si alnyp, meýilnama 103,4 göterim berjaý edildi. Möwsümiň öň ýanynda bu möhüm iş üçin amatly ýerler saýlanyp alyndy we zerur şertler üpjün edildi. Baharyň ilkinji günlerinde dowarlardan alnan owlak-guzular, düýelerden alnan köşekler giň sähranyň gözelligine gözellik goşdy.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti