Özbegistanyň Samarkant şäherine «2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty» diýen at berildi. Medeni çäräniň açylyş dabarasy Hamid Alimjan adyndaky Samarkandyň sazly drama teatrynda geçirildi. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Samarkant şäheri GDA ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň üns merkezine öwrüler. Maksatnamanyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, gastrollar, alymlaryň we türgenleriň çykyşlary, wernisažlar we sergiler meýilleşdirilýär.
Samarkant GDA-nyň medeni paýtagty estafetasyny Sankt-Peterburgdan kabul etdi. «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» maksatnamasy 2010-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýär, her ýyl bu hormatly at GDA-nyň düzümindäki şäherleriň birine berilýär.
Baýrammuhammet GOŞUNOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.