Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejesinde abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär.
Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň işjeň ösdürýändigini her ädimde duýmak bolýar. Muňa ýurdumyza daşary ýurt döwletleriň hem-de halkara guramalaryň parlament wekiliýetleriniň saparlaryndan, hormatly Prezidentimiziň
hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
amala aşyrýan daşary ýurt saparlarynda parlament wekiliýetleri bilen geçirýän ýokary derejedäki duşuşyklary hem aýdyň mysaldyr.
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň maksatnamasynda bu dostlukly ýurduň parlament wekilleri bilen duşuşyklar hem göz öňünde tutuldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali hem-de Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşyklary boldy. Netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde milli parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Häzirki zaman şertlerinde parlament diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diplomatik işiň bu formatyny ilerletmäge uly üns berip, dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ösdürýär.
Kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikler we toplanan tejribe parlament diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, ýaňy-ýakynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýurdumyza sapary boldy. Bu saparyň barşynda geçirilen duşuşyklarda hem parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti bellenildi.
Umuman, Türkmenistan halkara parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallary işlenip taýýarlandy. Häzirki wagtda ýurdumyzda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy bilen gatnaşyklar has-da pugtalandyryldy.
Häzirki döwürde ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, ýurdumyzda, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işleri alyp barmak üçin has amatly hukuk şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň parlamentleriniň 46-sy bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işi döwrebap derejede ösdürilýär.
Seýran Taýjanow,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynyň talyby.