1787-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde ABŞ-nyň taryhynda we dünýä demokratiýasynda iň möhüm resminamalaryň biri kabul edilýär. Şol gün Konstitusiýa konwentiniň (konwent: käbir ýurtlarda aýratyn ygtyýarly edara) wekilleri ençeme aýlap dowam eden dartgynly çekişmelerden soň, Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasynyň resminamasyna gol çekdiler. Jorj Waşingtonyň ýolbaşçylygynda geçen bu taryhy ýygnanyşyga Benžamin Franklin we Jeýms Medison ýaly döwletiň düýbüni tutujylar gatnaşdylar. Resminama şol wagt ABŞ-ny emele getirýän 13 ştatyň 12-sine wekilçilik edýän jemi 39 wekil gol çekýär. Rod-Aýlend ştaty wekil ugratmaýar.

​Häzirki wagtda 17-nji sentýabr ABŞ-da “Konstitusiýa we raýat güni” hökmünde her ýyl dabaraly bellenilýär. 17-23-nji sentýabrda bolsa, Konstitusiýa hepdeligi geçirilýär. 1787-nji ýylda kabul edilen bu resminama diňe bir Amerikan döwletiniň däl, eýsem dünýäniň köp ýurdunyň konstitusion ulgamlary üçin hem nusga öwrüldi.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.