«Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip türkmen ýaşlaryna beýik ynam, uly bil baglaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladalar döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny täze ösüşlere ýetirmek, bilim ojaklaryny ýokary hilli, elektron serişdeler bilen üpjün etmek, kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirip, neşir edilýän kitaplaryň sanyny artdyryp, bagtyýar ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim alyp, edepli-terbiýeli, ruhy taýdan berk bedenli, ahlak taýdan arassa ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz taýsyz tagallalary edýär. Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesiller barada edilýän aladalar hormatly
Prezidentimiziň esasy üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda täze belentlikler barha rowaçlanyp, ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek, okatmagyň täze usullaryny ösdürmek we mugallymçylyk tejribelerini has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny manyly hem şadyýan geçirmekleri ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Hormatly
Prezidentimiz öz çykyşlarynda ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirip, ýaş nesilleriň aň we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmelidigini aýratyn belläp geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sanynyň barha artmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň çäksizdigini subut edýär. Bu edilýän işler bolsa ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleriniň barha rowaçlanmagyna getirýär. Häzirki wagtda döwrebap ak mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň «Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky» Kararynda öňe sürülýän pikirlerden ugur alnyp, çagalara sapaklarda çeper eserleri labyzly okatmak, goşgulary ýatdan aýtdyrmak, okalan eserler boýunça sorag-jogap alyşmak, surat boýunça işlemek, söz düzümleriniň üstünde işlemek ýaly işleri geçirmek arkaly birnäçe işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri biz ýaş mugallymlary has-da joşgunly işlemäge ruhlandyrýar. Biz mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek bilen bir hatarda türkmen diliniň aýratynlyklaryny, sözleýiş medeniýetini çuňlaşdyryp öwredýäris. Çagalara edebi dilimizde sada we düşnükli geplemegi, türkmen diliniň gurluş aýratynlygyny düýpli öwredýäris. Şeýle-de, çagalara sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyny, ýazyjy-şahyrlaryň goşgularyny, nakyllary, matallary, tapmaçalary we ertekileri öwredip, çeper eserlere we kitaba bolan söýgini has-da artdyrýarys. Halkymyz hemişe kitaby gymmatlyk, mukaddeslik hökmünde eý görýär. Şonuň üçin hem biz mugallymlar çagalarda kitaby köp okamak endiklerini ösdürýäris. Olara kitaplar bilen baglanyşykly atalar sözlerini düşündirýäris, rowaýatlary yzygiderli gürrüň berýäris. Çagalar «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitap okanyň ruhy baý», «Kitap iň ýakyn dostuňdyr» diýen parasatly sözlere eýerip, kitabyň gymmatynyň nä derejede beýikdigine göz ýetirýärler. Şeýle ýörelgelerde biz mugallymlar milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir sözi dürdäneli, akyl-paýhasa ýugrulan kitaplaryndan peýdalanýarys. Her günki sapaklarymyzda «Paýhas çeşmesi» kitabyndan nakyllardyr atalar sözlerini mysal getirip, çagalara edepli-ekramly bolmagy, Watany, il-halky söýmegi, ula hormat goýmagy ündeýäris.
Okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren kitaplaryny ürç edip okaýarlar. Taryhyň ähli döwürlerinde-de beýik-beýik işler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylym-bilim durmuşy ýagtylandyrýan şuglasy öçmejek yşykdyr. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Mähri Mämmetdurdyýewa,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.