Fransiýanyň ozalky Prezidenti Fransua Olland ýeňiş gazanmaga hakyky mümkinçiligi bolan ýagdaýynda, 2027-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gaýtadan dalaşgär bolup biljekdigini mälim etdi. Ol bu jogapkärli ädimi diňe ikinji tapgyra geçmäge we ýeňiş gazanmaga berk ynam bolan ýagdaýynda göz öňünde tutjakdygyny nygtady.
Italiýanyň «La Repubblica» gazetine beren söhbetdeşliginde ozalky döwlet Baştutany bu ädimi diňe aýratyn ýagdaýlarda göz öňünde tutjakdygyny nygtady. Ol diňe saýlawlaryň ikinji tapgyryna geçmäge we ýeňiş gazanmaga hakyky ynam bolan halatynda dalaşgär bolup biljekdigini belledi.
2012–2017-nji ýyllarda Fransiýanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiren 72 ýaşly syýasatçy häzirki döwürde dünýä ýagdaýynyň has howply häsiýete eýe bolandygyny, Ýewropanyň bolsa düýpli çökgünligi başdan geçirýändigini belledi.
Soňky geçirilen pikir soralyşyklarda 2027-nji ýylyň ýazyna meýilleşdirilýän indiki Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýurduň sagçy partiýasynyň lideri Marin Le Pen öňdebaryjy orny eýeleýär. Çepçi syýasatçy Žan-Lýuk Melançon bolsa ikinji orny eýeleýär.
PDF








