Demirgazyk Amerikada ilkinji doly Gün tutulma hadysasy boldy. Bu täsin hadysa Meksikada, ABŞ-da we Kanadada millionlarça adam tomaşa etdi. Astronomik hadysany has gowy görmek üçin gara äýnek, teleskop we dürbi ýaly enjamlardan peýdalanyldy. Günüň doly tutulmasy uzynlygy 6 müň 437 kilometr, ini 186 kilometr aralykda jemi 44 million ilatyň ýaşaýan ýerinde bolup geçdi. Meksikanyň Mazatlan şäherinde ýerli wagt bilen 11:07-de başlan hadysa ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar tarapy bilen süýşüp, 17:16-da Kanadada tamamlandy.
Aýyň Ýer bilen Günüň arasyna girmegi netijesinde emele gelýän bu astronomik hadysa örän seýrek bolýar. Gün tutulyp başlanynda ýarym Aý şekilli bolýar. Aý Günüň öňüni doly ýapanynda ol halka şekilinde bolup görünýär. Hadysanyň bolup geçýän ugrunyň merkezinde Aý Günüň öňüni 4 minut 28 sekuntlap ýapdy.
Gülsoltan AŞYRDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.