Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir gü­ni ta­ry­hy äh­mi­ýet­li be­ýik ösüş­le­re, öňe­gi­diş­lik­le­re bes­len­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň azat, er­kin, bo­le­lin dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­dyr eda­ra bi­na­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ra­ýat­la­ry­myz ha­kyn­da edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy we pa­ra­hat ýa­şaý­şy üçin amal edil­ýän be­ýik iş­le­riň özi ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni üp­jün et­mek me­se­le­si­ne has oý­lan­yşyk­ly we jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär. El­bet­de, ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri äh­li ýa­şaý­jy­la­ry­myz üçin ka­nu­ny borç­dur. Hä­zir­ki dö­wür­de yl­myň we teh­ni­ka­nyň ös­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, el zäh­me­ti­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar has-da art­dy. Kir ýu­wu­jy, otag so­wa­dy­jy, na­har taý­ýar­la­ny­lan­da ula­nyl­ýan en­jam­lar, komp­ýu­ter ul­ga­my, te­le we wi­deo en­jam­la­ry, to­zan so­ru­jy­lar, suw gyz­dy­ry­jy­lar, çaý gaý­na­dy­jy­lar, ga­raz, bu­la­ryň äh­li­si öý ho­ja­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Bu en­jam­la­ryň gyz­dy­ry­jy­la­ry hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri aw­to­ma­tik usul­da iş­le­ýär. Olary gur­na­mak iş­le­ri di­ňe bu ugur­da zäh­met çek­ýän ýö­ri­te hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr. En­jam­lar gur­na­lan­da elekt­rik ul­ga­my aý­ra­tyn­lyk­da ge­çi­ri­lip, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­niň ug­run­da ýö­ri­te go­raý­jy en­jam­la­r otur­dyl­ma­ly­dyr. Bu en­jam­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sarp edi­ji­li­gi örän ýo­ka­ry bo­lup, iş­le­ýän wag­tyn­da ýö­ri­te gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr. En­jam­la­ryň bi­rik­di­ri­ji­le­ri­niň gyz­mak­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin, ola­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň ta­la­bala­ýyk­ly­gy­ny ga­zan­ma­ly­dyr. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar gur­na­lan­da, ula­ny­lan­da, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň sü­tün­le­ri ber­ki­di­len­de ýö­ne­keý usul­da sa­rap goý­mak, elekt­rik en­jam­la­ry­ny çen­den aşa ar­tyk iş­let­mek, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň za­ýa­la­nan gör­nü­şin­dä­ki­le­ri­ni ulan­mak, gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ryň aşa­gy­na oda dur­nuk­ly gat­lak­la­ry goý­maz­dan ulan­mak ta­la­bala­ýyk däl­dir.
Mäh­ri­ban il­deş­ler! Öý­den, iş ýer­le­rin­den git­mez­den ozal, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­jam­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek bar­la­mak­ly­gy unut­maň! Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar gur­na­lan­da we ula­ny­lan­da ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ka­da­la­ry­ny do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­giň, bo­lup bi­läý­jek howp­ly ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Çün­ki, ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek aba­dan we bag­ty­ýar ýa­şaý­şyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir.

Mu­ham­met Gel­di­my­ra­dow,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň
Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň 100-nji
har­by­laş­dy­ry­lan ýan­gyn howp­suz­lyk bö­lü­mi­niň baş­ly­gy, içer­ki gul­lu­gyň pod­pol­kow­ni­gi.