Dünýä ummanlarynyň düýbünde 3 bilen 11 million tonna aralygynda plastik galyndylar toplandy. Bu ummanlaryň ýüzünde ýüzýän plastikden 100 esse köp. Bu barada Awstraliýanyň milli ylym agentligi CSIRO-nyň we Kanadanyň Toronto uniwersitetiniň alymlary mälim etdiler.

-Biz ummanlaryň düýbüniň plastik zibilleriň uly böleginiň toplanan ýerine öwrülendigini gördük. Çak edilişine görä, oňa 3 – 11 million tonna aralygynda plastik düşýär – diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bütin dünýäde öndürilen plastik önümleriň mukdary 2040-njy ýyla çenli iki esse artyp,  meseläni has-da kynlaşdyrar. Alymlar plastigiň agramly böleginiň kontinentleriň töwereginde ýygnanýandygyny bellediler. Zibilleriň takmynan ýarysy (46%) 200 metre çenli çuňlukda ýerleşýär. Galan 54 göterimi bolsa, 200-den 11 müň metre çenli çuňlukda ýerleşýär.

Alymlar geçirilen barlaglaryň plastik hapalanmagyna garşy usullary kämilleşdirmäge kömek etjekdigine umyt edýärler.