Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.
Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasyna köp sanly tomaşaçy ýygnandy. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemmeler ýaryşyň badalga alandygyny alamatlandyrýan açylyş dabarasynyň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onda boljak duşuşyklary tomaşaçylaryň uly toplumy gyzyklanma bilen synlarlar.
Arzyly pursat ýetip gelýär. Sport toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Açylyş dabarasynyň resmi bölümi başlanýar.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi aýdylýar.
Dabaranyň tolgundyryjy pursaty gelip ýetýär: ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň ýaňlanmagynda Watanymyzyň mukaddes Tugy uly monitorda çykýar.
Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirildi.
Dutaryň we gargy tüýdüginiň owazy astynda türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler we wideorolikler görkezildi.
Elbetde, ähli baýramçylyklarda bolşy ýaly, bu gezekki dabarada hem gadymy we şowhunly küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyň özboluşly beýany bolan bu tans diňe bir milli däl, eýsem, dünýä mirasynyň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi. ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda küştdepdi tansynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris.
Tomaşaçylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Gahryman Arkadagym, Arkadagly Gahryman Serdarym» aýdymy baýramçylygyň özboluşly jemlemesine öwrüldi.