Gyrgyzystanyň Issyk-Kul welaýatynda önümçilik kuwwaty 400 megawat boljak Gün energiýa bekedi gurlar. 400 million dollar bahasy bolan taslama bir ýarym ýylda tamamlanar. Taslamany hytaý kompaniýasy durmuşa geçirer.
Ýurduň hökümet başlygy Akylbek Žaparow Balykçy şäherinde guruljak bu taslamanyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Žaparow bu ýerde eden çykyşynda ýurduň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmek isleýändiklerini mälim etdi. Şeýle hem Žaparow ýurtda soňky iki ýylda ululy-kiçili birnäçe energiýa taslamalarynyň gurluşygyna başlanandygyny belledi.