Emeli aň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýan “OpenAI” kompaniýasy Aziýadaky ilkinji ofisini Ýaponiýanyň paýtagty Tokýoda açdy. Häzirki wagtda “Toyota”, “Rakuten” we “Daikin” ýaly ýapon kompaniýalary çylşyrymly iş prosesini awtomatlaşdyrmak üçin “OpenAI”-niň hyzmatlaryndan peýdalanýar. Täze ofisiň kompaniýalaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrjakdygy bellenilýär. Şeýle hem kompaniýanyň ýapon bazaryna tekstleri häzirki modelden has çalt terjime edýän we mazmunyny çykarýan, ýapon dili üçin has gowlandyrylan ýörite söhbetdeşlik robotynyň hem hyzmata hödürlenendigi mälim edildi. Kompaniýa bu ofis arkaly müşderilere hem ýakyndan goldaw bermek isleýär.
Emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän “ChatGPT” söhbetdeşlik robotyny işläp taýýarlan “OpenAI” amerikan kompaniýasy mundan ozal London we Dublin şäherlerinde hem ofis açypdy.

Atageldi Hydyrow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.