Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Täh­ran şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni­niň ara­syn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­da inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry bi­len bir ha­tar­da ener­ge­ti­ka pu­da­gy­na de­giş­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma mun­dan beý­läk-de üç ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär.
Täh­ran­da­ky du­şu­şyk­da ta­rap­la­ryň ara­syn­da, esa­san hem, söw­da-yk­dy­sa­dy me­se­le­leri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Ta­rap­lar yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ösüş dep­gi­ni­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bu gat­na­şyk­la­ryň has-da ös­dü­ril­me­gi bo­ýun­ça yla­laş­dy­lar. 2016-njy ýyl­da Rus­si­ýa­nyň Eý­ran bi­len ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 70 gö­te­rim, Azer­baý­jan bi­len bol­sa, üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 8 aýy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça 62 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Şeý­le du­şu­şyk eý­ýäm ikin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Il­kin­ji ge­zek 2016-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip­di.
Üç ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na, hu­su­san-da “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” ulag ge­çel­ge­si­niň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu ugur­da tä­ze po­lat ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” ulag ge­çel­ge­si De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­ny Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa bi­len bir­leş­di­rer. Bu ge­çel­gä­niň gün­do­gar bö­le­gi 2015-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­di. Ol Eý­ra­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ga­za­gys­ta­nyň çäk­le­rin­den geç­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­tan­la­ry ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri ba­ra­da iç­gin pi­kir alyş­dy­lar. Üç ýurt hem öz ge­ze­gin­de dün­ýä ba­za­ry­na ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni iber­ýär. Şo­nuň üçin li­der­le­riň du­şu­şy­gyn­da bu ug­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Ta­rap­lar ne­bit we te­bi­gy gaz ýa­tak­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi ba­bat­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär.