Formula 1 boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşy Hytaýyň Şanhaý şäherinde guraldy. Şaheriň adybir halkara trassasynda geçirilen ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol 56 aýlawlyk ýaryşy 1 sagat 40 minut 52,554 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 4-nji, karýerasyndaky 58-nji ýeňşini baýram etdi. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan Werstappen sprint ýaryşynda pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Mundan öňki 4 ýaryşyň 3-sinde Werstappen 1-nji, meksikaly topardaşy Serhio Peres 2-nji bolupdy. Bu gezek iki topardaşyň arasyna “McLaren” toparynyň britan piloty Lando Norris girip, ol ýeňijiden 13,773 sekunt yza galdy. Peresiň 3-nji bolan ýaryşynda 4-5-nji orunlary “Ferrari” toparynyň pilotlary – Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior paýlaşdylar. Britaniýaly Jorj Rassell (“Mercedes”), ispaniýaly Fernando Alonso (“Aston Martin”), awstraliýaly Oskar Piastri (“McLaren”), britaniýaly Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) hem-de germaniýaly Niko Hulkenberg (“Haas”) dagy ilkinji 10 orny eýeläp, ýaryşda utuk gazanan beýleki sürüjileri boldular.

Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň sanawyň lideri Werstappen utugyny 110-a ýetirdi. Topardaşy Peres 85 utuk bilen 2-nji ýeri eýelese, “Ferrari” toparynyň sürüjileri – Lekler 76, Saýns 69 utuk bilen 3-4-nji orunda barýarlar.

Möwsümiň 6-njy ýaryşy 5-nji maýda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherindäki halkara awtodromda geçiriler.