Soňky wagtlarda ýolda, awtobusda, ulagda barýarka, naharlanýan wagty, telewizora tomaşa edip otyrka, uludan-kiçi hemmäniň elinde diýen ýaly telefon görmek bolýar. Graýam Bell 150 ýyla golaý ozal mundan öň, telefony oýlap tapanynda, bu enjam arkaly uzak aralykdaky adamlar bilen gepleşmegi maksat edinipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda telefonlar has köp işi ýerine ýetirip başlady. Esasan hem, “akylly” telefonlar, ýagny, smartfonlar çykandan soňra has köp maksat bilen ulanylyp başlady. Isle daýhan bolsun, isle-de sürüji howa ýagdaýynyň nirede nähili boljakdygyny telefonyndan görýär. Daşary ýurt dilini öwrenýänler bilmeýän sözüni telefonyndaky sözlükden görýär. Kitap okasy, aýdym diňläsi, kino göresi gelýänem telefona ýapyşýar. Telefon diňe haýsydyr bir gural hökmünde däl, eýsem güýmenje maksady bilen hem ulanylýar. Köpler her gün eden işini, bişiren naharyny, giden ýerini, çagasynyň doglan gününde deň-duşlary, maşgala agzalary bilen bilelikde düşen suratlaryny telefony arkaly jemgyýetçilik torlarynda “onlaýn” ýagdaýda dostlary görer ýaly edip goýýar. Telefony çagalaryň elinde-de hem görmek bolýar. Çagalaryň köpüsi oýun oýnaýan bolsa, kä halatlarda oýun oýnardan has kiçi çagalaryň elinde hem smartfon görmek bolýar. Käbir eneler bolsa bäbeklerini telefondaky aýdymlar bilen ukladýarlar. Munuň sebäbi soralanda, çaganyň telefonsyz uklap bilmeýändigini aýdýar. Bilermenler bolsa, çagalara iki ýaşyna çenli hiç hili ekranly zat görkezilmeli däldigini belleýärler. Smartfonyň bolsa, adamdan näçe uzakda dursa şonça gowudygyny, ulanylmajak wagty oturan, ýatan ýeriňden daşrakda goýulmalydygyny tassyklaýarlar.
Çaga özüni gorap bilmeýär, şol sebäpli ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin goralmaga, ene-atalarynyň, ulularyň mährine zerurlyk duýýar. Geçirilen barlaglara görä, häzirki wagtda dünýäde çagalar bäş ýaşyna ýetýänçä onuň 1 müň 500 suraty jemgyýetçilik toruna, ýagny internete goýulýar. Çaganyň bolsa, mundan habary ýok. Internete düşen islendik maglumaty, şol sanda suratlary hem göçürip almak kyn däl. Şeýle bolansoň, onuň näme maksat bilen ulanyljakdygy hem belli däl.
Häzirki wagtda dünýä ilaty 8 milliardan geçýär. Internet ulanyjylarynyň sany bolsa, 5 milliardan köp. Bütindünýä ykdysady forumy internet bilen bagly düşünjäni ösdürmek maksady bilen Sanly howpsuzlyk üçin Global koalisiýa atly başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyç sanly ulgamyň howpsuzlygy we ulanyjylaryň hukuklaryna hormat goýmagy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Koalisiýa täze onlaýn howpsuzlyk düzgünleri üçin iň gowy programmalaryň ýaýradylmagyna we sanly mediýa sowatlylygynyň ösdürilmegi bilen bagly maksatnamalar bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hyzmat eder. Şeýlelikde internetdäki zyýanly mazmunlar (content) bilen göreşmekde döwlet bilen hususy eýeçiligiň hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi maksat edinilýär.

Ünsli paýlaş!
Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy geçen ýyl çagalaryň suratlaryny we olar barada maglumatlary has jogapkärli ýaýratmaga ünsi çekmek üçin “ShareWithCare” atly kampaniýany yglan etdi. Bu barada “Sharenting” adalgasy hem peýda boldy. Bu söz iňlis dilinde “sharing” (paýlaşýan, ýaýradýan) hem-de “parenting” (ene-atalyk) sözleriniň birleşdirilmegi bilen döredilip, çagalaryň suratlaryny we wideolaryny sanly ulgam arkaly ýaýradýan ene-ata diýmegi aňladýar. Ene-atalaryň käbiri çagasynyň gündelik durmuşdaky her bir hereketiniň suratyny köpçülige ýaýradanda, onuň nähili netije berjekdigi barada pikirlenmeýär.

“Ellanyň aýtjak zady bar”
Ýokarda agzalan kampaniýanyň çäklerinde 9 ýaşly sanly ulgam gahrymany hem döredildi. Ähli çagalara wekilçilik edýän bu gyzjagaz “deepfake” tehnologiýasy bilen döredilipdir. Ella çagalaryň çem gelen suratyny internete goýanyňda nähili netije berjekdigini görkezmäge synanyşýar. Bu baradaky tanyşdyrylyş filminde bir maşgala kinoteatrda kino görýän wagty birden ekranda öz gyzlary peýda bolýar. “DeepFake” atly tehnologiýa bilen üýtgedilip, uly edilip görkezilýän çaga ene-atasyny günäkärläp, näme üçin çaga wagty öz suratyny internete goýandyklaryny soraýar.
Bilermenler tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň hödürleýän ýeňilliklerinden peýdalanylanda, zyýanly taraplarynyň hem bolup biljekdiginiň unutmaly däldigine ünsi çekýärler.