Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de irginsiz aladalary netijesinde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini hil taýdan belent derejelere çykarmak, halkymyzyň sagdyn dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döretmek babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Muny milli Liderimiziň şu hepdäniň dowamynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparyndan-da aýdyň görmek bolýar.
“Deňiz derwezesiniň”
kuwwaty guwandyrýar
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Hazaryň kenarynda bina edilýän täze Halkara deňiz menzilinde bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ol tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiziň başyny başlan bu iri maýa goýum taslamasy parom, ýolagçy we konteýner terminallarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükleri we polipropileni ýükläp ugradýan terminallar hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hem girýär.
Geçirijilik mümkinçiligi ýylda 17-18 million tonna ýüke barabar bolan portuň umumy meýdany 1 million 400 müň inedördül metrden gowrakdyr, gämi duralgasynyň ugrunyň uzynlygy 3 müň 800 metrdir. Şunda menziliň täze çäklerini döretmek üçin düşelen topragyň möçberi 5 million kub metre barabardyr. Gämileriň duralga gelmegi üçin düýbi çuňaltmak işlerinde gazylyp alynýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden köpräkdir.
Gurluşygyň täze deňiz portunyň tehniki esasy barada aýdylanda bolsa, ol ugrukdyrmagyň hem-de ýükleri daşamagyň howpsuzlygyny we netijeliligini hem-de döwlet Baştutanymyzyň aýratyn ähmiýet berýän daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan iň döwrebap programma-enjamlar toplumlary bilen enjamlaşdyryldy.
Iň uly desgalaryň biri umumy ýükleriň terminalydyr. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, demri, polady, agajy, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ugratmaga niýetlenendir. Bu terminalyň deňiz duralgasynyň diwarynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämileri birwagtyň özünde işletmek bolar. Kuwwatly rels we ykjam port ýük göterijileri ýükleri ýüklemäge hem-de düşürmäge niýetlenendir.
Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň giňişliginde ähli ýerlerde ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine gözegçilik etmegiň şol döwürdäki wagtyň tertibinde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyryljakdygyny ýatlap geçeliň.
Täze deňiz menziliniň gurluşyk işlerinde gazylyp alynýan topragyň Türkmenbaşy şäheriniň ýakynynda deňiz aýlagynyň giňişliginde emeli adany döretmek üçin peýdalanylýandygy bellärliklidir. 170 gektar meýdany bolan bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, guwlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we guşlaryň beýleki görnüşleriniň mesgen tutjak, höwürtgelejek hem-de gyşlajak ýerine öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz täze gurulýan desgada işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanşyp, “GAP Inşaat” potratçy kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen gürrüňdeşlikde milli ykdysadyýetimiz üçin hem, tutuş sebit üçin hem ýurdumyzyň täze “deňiz derwezesiniň” ähmiýeti baradaky meseläni gozgady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşyda Halkara deňiz menzilini gurmak boýunça taslamanyň ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň möhüm bölegini, onuň durmuşa geçirilmeginiň 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň esasy “deňiz derwezesiniň” geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurdumyzyň çäkleriniň “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günorta” ugry boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup durýandygyny nygtady, bu geçelge iri dünýä bazarlaryna çykmaga kömek berýär.
Hazaryň kenarynda iň häzirki zaman deňiz portunyň ulanmaga berilmegi Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.
Milli Liderimiz – sagdyn
durmuş ýörelgesiniň
esasy waspçysy
Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz “Awaza” köpugurly sport toplumyna baryp gördi hem-de deňiz şypahanasy boýunça welosipedli gezelenç etdi. Milli Liderimiz sport toplumynyň türgenleşik zalynda gurnalan sport enjamlarynda maşklaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumynyň zalynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň barşynda welosiped sürmek bilen, basketbol oýnuny utgaşdyrmagyň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz welosipede erk etmek bilen, her gezek pökgini tora dürs oklap, “basketbol ussatlyk sapagyny” berdi.
Milli Liderimiz türgenleşik enjamlarynda birnäçe maşklary ýerine ýetirmek bilen, ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi, munuň özi sportuň dürli ugurlary bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir.
Öz nobatynda hormatly Prezidentimiziň egindeşleri hem birnäçe maşklary ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyz sport toplumynda gurnalan döwrebap türgenleşik enjamlarynyň aýratyn mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, olarda ýerine ýetirilýän maşklaryň adam bedeniniň ol ýa-da beýleki agzalaryna ýetirýän täsirini belläp, aýry-aýry maşklary ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Jana şypaly Awaza döwrebap
derejede özgerýär
Balkan welaýatynda iş saparynda bolan milli Liderimiz döwrebap derejede özgerýän hem-de halkara syýahatçylyk merkezine öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan dynç alyş merkezli akwaparkyň hem-de “Awaza” şypahanasynyň gurluşygy bilen tanyşdy.
Ozal ýangyç-energetika toplumynyň garamagynda bolan akwaparkyň gurluşygyny döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine alyp barmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birleşme tarapyndan täze toplumy gurnamak hem-de onuň binýadynda ýaşaýyş ulgamy bolan has amatly dynç alyş merkezini döretmek boýunça teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy.
TSTB-niň ýolbaşçysy suw süýjediji desganyň, myhmanlara niýetlenen iki gatly kottejleriň taslamalaryny, şol sanda 128 orunlyk 16 öýi ýerleşdirmegiň iki görnüşiniň hem-de 120 orunlyk 14 öýüň ýerleşdirilişiniň meýilnamasyny, edara jaýyny gurmagyň mysalyny, açyk hem-de üsti ýapyk sport we çagalar meýdançalaryny, sport hem-de emeli tolkunly çagalar üçin suw howuzlaryny, awtoduralgalary, emeli köli gurmagyň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Umuman, tutuş toplumy gurmaga 6,2 gektar meýdan bölünip berilýär.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem akwaparkyň çäklerini gözden geçirdi. Bu desga ýakyn wagtda çagalary özüne çekip, maşgala bolup işjeň dynç almagyň merkezine öwrüler.
Soňra milli Liderimiz “Awaza” şypahanasynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda döwrebap “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutulypdy. Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän toplum birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 9 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binada iki orunlyk otaglaryň 96-sy hem-de lýuks otaglaryň 8-si göz öňünde tutuldy. Olarda syrkawlar üçin aňrybaşy amatly şertler dörediler. Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar saglygy bejeriş – dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşini hödürlemek üçin niýetlenendir.
Toplumyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan guýy – ýod-bromly bejeriş-mineral suw çeşmesi burawlandy. Bu melhemlik suwy nerw, ýürek-damar, daýanç-hereket agzalaryny, endokrin we peşew-jyns ulgamlarynyň işjeň dikeldiş çäreleri geçirilende üstünlikli ulanylýar. Mundan başga-da, şypahana üçin Hazar deňzinden 180 millimetrlik suw turbasy bilen deňiz suwy çekildi. Hormatly Prezidentimiz ýod-bromly bejeriş-mineral suwunyň, onuň himiki düzüminiň hem-de belli tenakar çeşmelerden, şol sanda Farap, Arçman, Berzeňňi, Ýyly suw we beýlekiler ýaly çeşmelerden tapawutly aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Aşgabady ösdürmegiň
16-njy tapgyry
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatda bina etmek meýilleşdirilýän dürli desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň hatarynda Görogly köçesiniň ugry boýunça 44 öýli jaýlar hem-de ýene-de bir kottejler toplumy bar. 6 otagly iki gatly kottejiň umumy meýdany 389,74 inedördül metrdir, ýaşaýyş otaglarynyň meýdany 167,08 inedördül metrdir. Ýanaşyk ýerleri bilen şeýle öýüň ýer böleginiň meýdany 900 inedördül metr meýdana barabar bolar. Onda awtoulag goýmaga ýer göz öňünde tutulandyr. Kottej görnüşli ýaşaýyş öýleriň beýlekisi üç gatlydyr. Olaryň iň ýokarky gatyny mansarda tutýar.
Şeýle hem paýtagtymyzyň günbatar böleginde gurluşyklary alyp barmagyň çäklerinde 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat toplumy gurmak teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyza şeýle binalaryň 68-sinden we 54-sinden ybarat bolan ýaşaýyş toplumlarynyň çyzgylary görkezildi. Olaryň durmuş düzümleri bilen ugurdaş guruljak desgalaryň hataryna kiçi elektrik bekedi, mekdep, çagalar bagy, bazar, söwda merkezi, “Toý mekany”, ýaşyl zolaklar we beýlekiler girer.
Milli Liderimize görkezilen taslamalaryň arasynda Köşi ýaşaýyş toplumynda gurmak teklip edilýän söwda merkezleriň binalarynyň görnüşleri hem bar.