Şu ýylyň güýzünden başlap, Şwesiýadaky birnäçe kärhanalar alty aý möhlet bilen zähmet hakyny üýtgetmän dört günlük iş hepdesini ýa-da gysgaldylan iş gününe geçmekçi. Bu teklip täjirçilik maksatly bolmadyk “4 Day Week Global” guramasynyň wekili Anna-Karin Alderin tarapyndan öňe sürüldi.
-Meniň pikirimçe, zähmet durmuşy biziň özümizi gowy duýmagymyz we gowy işlemegimiz üçin has köp wagty öz içine almalymyka diýýärin. Häzirki wagtda nähoşlaryň sanynyň artmagy köplenç ukusyzlyk we stres bilen baglanyşykly – diýip, Anna-Karin Alderin belledi.
Bu işiň gidişine Stokgolmyň Ykdysadyýet mekdebiniň barlag geçirijisi we Karlstad uniwersitetiniň mugallymy Lena Lid Falkmanyň ýolbaşçylygyndaky barlag topary gözegçilik eder. Barlagyň netijeleri, “4 Day Week Global” guramasynyň Kembrij uniwersiteti we Boston kolleji bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan global barlaglaryna goşular.
Bu mesele dürli çekişmelere sebäp boldy, netijede ýakyn wagtda iş wagtyny azaltmak baradaky teklipleri hödürlän Sosial-demokratlar tarapyndan iş topary döredildi. Birnäçe kärdeşler arkalaşyklary täze kanuny goldaýarlar, ýurduň işewür we senagat wekilleri bolsa, munuň “Şwesiýanyň ykdysadyýeti üçin zyýanly” boljakdygyny öňe sürýärler.
-Biziň hasaplamalarymyz, eger-de Şwesiýa 35 sagatlyk hepdäni girizen halatynda, önümçiligiň 8 göterim, jemi içerki önümiň bolsa 48 milliard dollar azaljakdygyna şaýat bolarys – diýip, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Şwesiýanyň kärhanalary konfederasiýasynyň iş syýasaty we jemgyýetçilik pikirleri bölüminiň başlygy Mattias Dal belledi.
Ýatlap geçsek, Şwesiýa 1919-njy ýylda sekiz sagatlyk iş gününi we 1973-nji ýylda bolsa, bäş günlük iş hepdesini hödürledi. Şondan bäri iş wagty azaldylmady, ýöne häzirki wagtda Daniýa we Norwegiýa ýaly ýurtlar iş wagtyny dowamlylygyny hepdede 37 we 37,5 sagada çenli azaltdy.