Ýaponiýaly talyp Misuýa Tasuhiko dünýäniň iň kiçi adampisint robotyny döretmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsin robotyň uzynlygy bary-ýogy 5,77 santimetr. Bu görkeziji öňki rekorddan üç esse kiçidir. Nagoýa tehnologiýa institutynyň aspiranty Misuýa Tasuhiko entek 10 ýaşyndaka diňe ellerini we aýaklaryny gymyldadyp bilýän şeýle ululykdaky robotyň has ýönekeý görnüşini ýasapdyr. Orta mekdebiň ýokary synplarynda okaýarka robot ýasamak işini biraz soňa goýan hem bolsa, ýokary okuw mekdebine girenden soňra, robot ýasamak pişesine gaýtadan başlapdyr. Bir gezek ol iň kiçi robotyň Ýaponiýada döredilendigini gazetde okaýar, soňra şol rekord başga ýurtly biri tarapyndan gaýtalanýar. Şol günden soň Misuýa ýurduna bu ugurda öňki derejesini gaýtaryp bermegi maksat edinýär. Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda oýlap tapyjynyň öz robotynyň göwrümini detallaryň parallel baglanyşygy arkaly mümkin boldugyndan azaltmagy başarandygy barada beýan edilýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.