Wýet­na­myň Da­nang şä­he­rin­de Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ty ge­çi­ril­ýär. Düýn öz işi­ne baş­lap, şu gün hem do­wam ed­ýän sam­mi­te ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin we bu gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň döw­let ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­ýar.
Gu­ra­ma­nyň 25-nji ýu­bi­leý sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de, esa­san hem, söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­la­ra has köp üns ber­ler. Gu­ra­ma­nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da er­kin söw­da zo­la­gy­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy öňe sü­rül­ýär. Bu baş­lan­gy­jy Rus­si­ýa­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry gol­da­ýar.
Se­bi­tiň 21 ýur­du­nyň gat­naş­ma­gyn­da­ky bu sam­mi­tiň çäk­le­rin­de öza­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­tiň öňü­sy­ra­syn­da bu gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler we söw­da mi­nistr­le­ri­niň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Şeý­le hem bu ýurt­la­ryň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da işe­wür­ler mas­la­ha­ty-da gu­ral­dy. Ol ýer­de yk­dy­sa­dy go­şu­lyş­mak, ki­çi we or­ta de­re­je­dä­ki te­le­ke­çi­li­giň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly der­wa­ýys me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na 2000-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy 1989-njy ýyl­da Awst­ra­li­ýa­nyň hem-de Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nistr­le­ri­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­dil­di. Gu­ra­ma­nyň mak­sa­dy se­bit­dä­ki ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek­den yba­rat­dyr. Bu gu­ra­ma ag­za ýurt­lar­da dün­ýä ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi ýa­şa­ýar we bu döw­let­ler dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň 54 gö­te­ri­mi­ni hem-de söw­da­nyň 44 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.