Amerikan “Apple” kompaniýasy “Let Loose” atly çärede “M4” mikroprosessorly, OLED ekranly “iPad Pro” hem-de dürli ululykdaky täzelenen, M2 çipli “iPad Air” enjamlaryny tanyşdyrdy.


Ilki bilen “iPad Air” modeli tanyşdyryldy. Täze “iPad Air”-iň esasy aýratynlygy, ozalkylardan tapawutlylykda iki ölçegde bolmagydyr. Müşderiler 11 ýa-da 13 dýuýmlyk “iPad Air”-den halanyny alyp bilerler. Bu modelde M2 çip oturdylyp, kamerasy enjamy kese tutanyňyzda has tebigy görner ýaly hereket etdirildi. Mundan ozalky “iPad”-iň kamerasy dikliginedi, şeýlelikde wideojaňda gepleşilende, “iPad”-i dik moda geçirmeli bolýardy. Eger “iPad”-iňizi ýankompýuter ýaly kese moda geçirseňiz, amatsyz bolýardy. Täze “iPad Air” bu meseläni çözýär. Alýumin gabaraly enjamyň gök, benewşe, ýyldyz şöhlesi we kosmos çaly ýaly dört reňklisi bar.
OLED ekranly “iPad pro”
Täze tanyşdyrylan “iPad Pro”-laryň hem edil iPad Air” ýaly, 11 we 13 dýuýmlyk görnüşleri bar. “iPad Pro”-nyň galyňlygy 5,1 mm bolup, häzire çenli çykarylan iň ýuka “Apple” enjamy hasaplanýar. Täze planşetler has dury OLED ekranly bolup, ozalkylardan ýukalygy bilen tapawutlanýar.
“2022 iPad pro” vs “2024 iPad pro”
“Apple”-iň LCD-den OLED ekrana geçmegi köp has mümkinçilikleri hödürledi. Täze OLED ekranlar wideo görlende hem has durulygy bilen özüne çekýär. “Apple” enjamyň ýukalygyny görkezmek üçin 2022-nji ýylyň “iPad Pro”-sy bilen 2024-nji ýylyň “iPad Pro”-syny deňeşdirip görkezdi. Täze “iPad Pro”-larda M4 çipleri oturdylypdyr.
Täze planşetler has dury OLED ekranly bolup, ýeňil we ýuka bolmagy bilen tapawutlanýar.


“Apple Pencil pro”
Amerikan tehnologiýa ägirdi “Let Loose” dabarasynda täze “iPad” modelleri bilen bir hatarda planşetlerde ulanylýan “Apple Pencil Pro” galamynyň hem täze nusgasyny tanyşdyrdy. Mundan ozal “Apple Pencil”-e iň esasy täzelenme 2018-nji ýylda girizilip, şonda magnitli zarýad aýratynlygy peýda bolupdy. Geçen ýyl bolsa, ozalkylardan has pes aýratynlykly, USB-C zarýad portly, arzan model peýda bolupdy.
Indi bolsa bu galamyň “Pro” modeli çykdy. Täze galam diňe “iPad Air” we “iPad Pro” enjamlarynda işläp, sensorly aýratynlygy bar.
“Magic Keyboard”-yň täze nusgasy
Çärede ilkinji gezek 2020-nji ýylda tanyşdyrylan “iPad”-iň “Magic Keyboard” klawiaturasynyň täze nusgasyny hem görkezdi. Täze klawiatura professional ulanyjylar niýetlenendir.
Bahalary
“iPad Pro”-laryň kiçisi 1000, ulusy 1 müň 300 dollardan, “iPad Air”-iň kiçisi 600, ulusy 800 dollar töweregi bahadan satuwa çykarylar.