Ýewropa Komissiýasy Awstriýanyň Fillah şäherindäki zawody döwrebaplaşdyrmak we täze nesildäki ýarymgeçirijileri öndürmek boýunça dünýäde ilkinji iri meýdançany döretmek üçin «Infineon Technologies» kompaniýasyna 319 million ýewro möçberinde döwlet kömeginiň berilmegini makullady. Bu taslamanyň umumy bahasy 1,1 milliard ýewroga deňdir. Ol diametri 300 millimetr bolan galliý nitridi (GaN) esasynda ýokary kuwwatly çipleri köpçülikleýin öndürmäge mümkinçilik berer. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik özbaşdaklygyny berkitmäge we daşary ýurtlardan çip importyna bolan garaşlylygy azaltmaga gönükdirilendir.
Awstriýanyň Federal Kansleri Kristian Ştoker bu taslamany ýurduň ýokary tehnologiýalar pudagynyň taryhyndaky iň iri maýa goýumlarynyň biri hökmünde baha berdi. Öz gezeginde «Infineon» kompaniýasynyň baş direktory Ýohen Hanebek 300 millimetrlik plastinalar esasynda galliý nitridli ýokary kuwwatly elektronikanyň iri göwrümli önümçiligini ýola goýjak dünýädäki ilkinji kompaniýa boljakdyklaryny belledi.
Täze nesil ýarymgeçirijiler ýokary dartgynlylyga durnuklylygy we çalt işleme ukyby bilen tapawutlanyp, smartfonlarda, noutbuklarda, emeli aň üçin maglumat merkezlerinde, elektromobillerde hem-de 5G/6G aragatnaşyk stansiýalarynda giňden ulanylar. Däp bolan 200 millimetrlik görnüşlerden uly bolan 300 millimetrlik täze plastinalar birwagtda 2,3 essä çenli köp çip öndürmäge hem-de özüne düşýän çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.