Bilermenleriň geçiren barlaglaryna görä, dynç almazdan we arakesme etmezden uzak wagtlap işlemegiň depressiýa hem-de dowamly kesellere sebäp bolýandygy ýüze çykaryldy. Bilermenleriň bellemegine görä, uzak wagtlap işlemegiň zyýanly tarapy gijesine hem zähmet çekmek bilen bagly bolup, bu ýagdaý «ýetginjeklik döwrüniň meýilnamasyna» gabat gelýär. Orta ýaşlylarda köp duş gelýän goşmaça işler wagtyň geçmegi bilen dartgynly ýagdaýlara we saglygyň peselmegine sebäp bolýar.
ABŞ-da geçirilen barlaglarda 30 ýylyň dowamynda 7 müňden gowrak işçiniň gün tertibi gözden geçirildi. Barlaga gatnaşanlaryň dördüsinden diňe biriniň gündiz işleýändigi we gijesine dynç alýandygy anyklandy. Synaga gatnaşyjylaryň dörtden üç bölegi 22-50 ýaş aralygynda bolup, gijesine hem işleýändiklerini belleýärler. Geçirilen söhbetdeşliklerde işçiler gündizki iş tertibinden soň gijesine hem zähmet çekendiklerini aýdyp, 50 ýaşa ýetenlerinde saglyk bilen bagly ýaramaz ýagdaýlara duçar bolandygyny bellediler. Barlaga gatnaşyjylar: «Uzak wagtlap işlemek saglygyňy peseldýär we adamy gurpdan düşürýär» diýip, dynuwsyz zähmet çekmegiň gowy endik däldigini aýtdylar.
Ýaşlyk ýyllarynda ýadawlyklaryň duýulmaýandygyna garamazdan ýaşyň bir çene baranda dowamly hereketler we ukusyz gijeler toplanyp, nerw bozulmalaryna, ýürek-damar ulgamyndaky ýetmezçiliklere, süýji keseline, semizlige we uky bozulmalary ýaly ýagdaýlara sebäp bolýar. Şeýle-de, gijesine işlemek gündizki işiň hiline hem öz täsirini ýetirýär. Ýagny öň ýeňillik bilen ýerine ýetirýän we şowly netije gazanýan pişämiz soňlugy bilen kynlaşyp başlaýar. Zähmet karýerasynda kämilleşilmän we ösüş gazanylman, çökgünlikler emele gelýär. Netijede, edýän işimizden – saýlan kärimizden sowaşyp başlaýarys hem-de dartgynly ýagdaýlar we nerw bozulmalary ýüze çykyp ugraýar.
Bilermenler uzak wagtlap işlemegiň saglyk üçin zyýanlydygyny belläp, gün tertibine görä hereket etmegi, wagtly-wagtynda iýip-içmegi we dynç almagy maslahat berýärler. Adamyň sagdyn bolmagy üçin, esasan hem, ýeterlik we kadaly uky zerur. Şol sebäpli agşamyna tehnologik enjamlardan, umuman iş otagyndan uzaklaşyp, talabalaýyk dynç almagy endik etmeli.