Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy Palestinanyň BMG-a agzalygyna BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gaýtadan garalmagy we häzirki wagtda synçy statusynda bolan Palestina käbir goşmaça hukuklaryň berilmegi baradaky karar taslamasyny tassyklady. Karar taslamasyny dünýäniň 80-e golaý ýurdy bilelikde hödürledi. Karar taslamasyny dünýäniň 193 ýurdunyň 143-si oňyn ses berdi. 25 döwlet ses bermekden saklandy. ABŞ, Argentina, Papua Täze Gwineýa, Çeh Respublikasy we Wengriýa ýaly jemi 9 ýurdy garşy boldy.
Karar taslamasynda “Palestinanyň BMG-niň 4-nji maddasyna laýyklykda BMG-a agzalyk ölçeglerini ýerine ýetirendigi we şol sebäpli BMG-a agza hökmünde kabul edilmelidigi” bellenildi. Şeýle hem kararda şu ýylyň 18-nji aprelinde Howpsuzlyk Geňeşinde Palestinanyň agzalygy baradaky teklibe ýeke-täk agzanyň garşy çykandygy, 12 agzanyň oňyn ses berendigi bellenildi. Şol sebäpli karar taslamasynda Howpsuzlyk Geňeşiniň meselä gaýtadan garamagy maslahat berlip, BMG-a agza ýurtlaryň köpüsiniň Palestinanyň agzalygyna goldaw berýändigi bellenildi.
Mundan başga-da Palestinanyň Baş Assambleýanyň mejlislerine, BMG-niň organlary tarapyndan geçirilýän ýygnaklara we BMG-niň maslahatlaryna gatnaşmagyny üpjün etjek käbir üýtgeşmeleriň girizilmegi talap edildi.
Karar taslamasynda Palestina halkynyň öz ykbalyny kesgitlemäge we döwlet gurmaga hukugynyň bardygyna üns çekilip, BMG-niň Baş Sekretary kararyň ýerine ýetirilmegi üçin degişli işleri etmäge çagyryldy.
Agzalýan karar taslamasy Palestina BMG-niň agza bolmagyna ygtyýar bermeýär.
Palestina 2011-nji ýylda BMG-niň doly agzasy bolmak üçin ýüz tutupdy, emma Howpsuzlyk Geňeşinden gerekli goldawy tapmandy, 2012-nji ýylda BMG-niň “hemişelik synçysy” statusyny alypdy.
Geçen aýy Palestinanyň BMG-niň doly hukukly agza bolmagy üçin öňe sürlen başlangyçlar hem netijesiz gutarypdy.