Weng­ri­ýa we Hy­taý dür­li pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça 16 yla­la­şy­ga gol çek­di­ler. Res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kiş­lik Weng­ri­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Wik­tor Or­ba­nyň we 8-nji maý­da Bu­da­peş­de res­mi sa­par bi­len ba­ran Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra Weng­ri­ýa­nyň te­le­ýaý­lym­la­ry ta­ra­pyn­dan ýaý­ly­ma be­ril­di. Hyz­mat­daş­lyk şert­na­ma­la­ry ma­ýa go­ýum, ener­gi­ýa, söw­da, ma­li­ýe, güm­rük gö­zeg­çi­li­gi, oba ho­ja­ly­gy, sy­ýa­hat­çy­lyk, ylym, me­de­ni­ýet we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­dy. Bu­lar iki ýur­duň de­giş­li eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry üp­jün ed­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, ta­rap­lar Weng­ri­ýa­nyň we Hy­ta­ýyň hö­kü­met eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da mag­lu­mat alyş­mak bo­ýun­ça iki me­mo­ran­du­ma gol çek­di­ler. Gep­le­şik­le­riň ahy­ryn­da žur­na­list­ler bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da çy­kyş eden Or­ban mu­nuň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry tä­ze we has ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Weng­ri­ýa­nyň Hö­kü­met baş­ly­gy Wik­tor Or­ban ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne, şol san­da ýad­ro ener­ge­ti­ka­sy ýa­ly tä­ze ugur­lar­da hy­taý ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň gel­jek­de has-da art­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.