Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 16-17-nji maýda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri barada gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerden soň bilelikdäki beýanat ýaýradyldy.
-Russiýa Federasiýasy bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 240 milliard dollardan geçdi we bu görkeziji 10 ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 2,7 esse ýokarlandy – diýip Hytaýyň Başlygy Si Szinpin belledi.
Gepleşikleriň netijesinde hökümetara we pudagara resminamalara gol çekildi. 2024–2025-nji ýyllar Hytaýyň we Russiýanyň medeniýet ýyllary diýlip yglan edildi.
– Bu gün mähirli, dostlukly we konstruktiw ýagdaýda Prezident Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdyk. Hytaý Russiýanyň öňdebaryjy daşary söwda hyzmatdaşy hökmünde aýratyn orny eýeleýär – diýip, Wladimir Putin belledi. Putiniň sözlerine görä, geçen ýyl Russiýa Federasiýasy Hytaý Halk Respublikasynyň eksport-import balansynda dördünji orny eýeledi. Häzirki wagtda rus bazarynda Hytaýyň awtoulag öndürijileriniň we durmuş enjamlary öndürijileriniň işjeňligini barha giňelýär.
Putin 2023-nji ýylda 734 müň rus raýatynyň Hytaýa, 477 müň hytaýly syýahatçynyň bolsa, Russiýa gelendigini aýtdy. Putiniň pikiriçe, “Russiýanyň we Hytaýyň köp sanly halkara we sebit meselelerine çemeleşmesi ýakyn ýa-da gabat gelýär”.
Russiýanyň Prezidentiniň Hytaýa sapary gaýtadan saýlanmagyndan soň ilkinji daşary ýurt sapary boldy. Bu sapar Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyryldy. Wladimir Putin saparyň dowamynda sekizinji rus-hytaý sergisiniň açylyş dabarasyna, sebitara hyzmatdaşlyk boýunça dördünji rus-hytaý forumyna, şeýle-de Harbin politehniki uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyga gatnaşdy.