Fransiýa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 – 11,1 milliard ýewro möçberde sap ykdysady peýda gazanmagy maksat edinýär. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) resmi saýtynda habar berýär. Sport hukugy we ykdysadyýeti merkez tarapyndan geçirilen barlaglara laýyklykda, Oýunlar ýurda 2,3 – 3,1 million adamy çekip, olaryň 64 göterimi fransiýalylar bolar. Myhmanlaryň çykdajylary 2,6 milliard ýewro barabar bolar.

7 milliard ýewro media-hukuklaryň satuwyndan, hemaýatkärlikden, peteklerden we uzak möhletleýin infrastruktura taslamalaryndan, şeýle-de Halkara Olimpiýa Komitetinden gelmegine garaşylýar. Döwlet, esasan hem, ýerli jemgyýetler üçin taslamalara 3 milliard ýewro maýa goýmakçy.

Döwlet çykdajylarynyň her 1 ýewrosynyň 3 ýewro girdeji getirmegine bil baglaýar. Bu maýa goýumlaryň 80 göterimini Fransiýanyň iň garyp departamentleriniň biri bolan Sen-Sen-Deni alar. Ol ýerde 2,8 müň ýaşaýyş jaýyny we iki mekdebi öz içine alýan Olimpiýa obasy gurlar. Oýunlardan soň bu ýer 6 müň ýaşaýjy üçin elýeterli bolar. Ýatlap geçsek, tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Fransiýada geçiriler.