Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtynda duşuşarlar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew Astanadaky sebit ýurtlarynyň Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlary bilen duşuşygynda aýtdy diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.
Prezidentiň sözlerine görä, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa – 2040” strategiýasy işlenip düzüldi.
-Sebitleýin ýakynlaşmagyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, bäş taraplaýyn gatnaşygy giňeltmäge we Merkezi Aziýanyň halkara subýektiwligini güýçlendirmäge gönükdirilendir. Bu resminamanyň (“Merkezi Aziýa – 2040”) Astanadaky sammitde kabul edilmeginiň sebit üçin konseptual ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn – diýip, Tokaýew belledi.
Gazagystanyň Prezidenti, gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetiniň XXI asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşine gönükdirilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk baradaky şertnamada berkidilendigini, munuň strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýandygyny aýtdy.
-Astanadaky sammitiň esasy maksatlarynyň biri hemmämiz üçin bu taryhy şertnama gol çekmegiň we onuň güýje girmeginiň bolup biljekdigine ynanýaryn. Biziň bäş taraply formatymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi möhüm bolup galýar – diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti belledi.