Şu ýyl kompaniýa 8 ýylyň rekordyny goýdy, 2016-njy ýylyň festiwalyndaky söwdanyň möçberi 120,7 milliard ýuan (17,8 milliard dollar) boldy. 2017-nji ýylda festiwalyň çäklerinde amala aşyrylan söwda satuwynyň 90 göterimi mobil enjamlary arkaly ýerine ýetirildi.
Festiwal başlanandan soňra ilkinji sargyt edilen haryt 12 minut 18 sekuntda alyja gowşuryldy. Festiwalyň gutarmagyna 4 sagat galanda “Cainiao” firmasynyň (“Alibaba” kompaniýasynyň logistika gullugy) başlygy Wan Lin sargytlaryň sany 700 milliona ýetdi. Deňeşdiriljek bolunsa, geçen ýyl 24 sagatlyk onlaýn söwda mahaly 657 million haryt eýelerine gowşuryldy.
Hytaýda sallahlar güni (hytaýça guangunsze) her ýyl 11-nji noýabrda bellenilýär. Ýurtda bu baýramçylyk 90-njy ýyllaryň ahyrynda Nankin şäheriniň uniwersitetleriniň birinde bellenip başlandy. Soňky ýyllarda onuň gerimi has-da giňelip, ýurduň söwda merkezleri şol gün giň gerimli söwda satuwlaryny amala aşyrýarlar.
“Alibaba” kompaniýasynyň guramagyndaky ilkinji söwda-satuw festiwaly 27 söwda kompaniýasynyň gatnaşmagynda 2008-nji ýylda başlandy. Bu ýagdaý ýurtda elektron söwdanyň ähmiýetine üns çekmek üçin örän möhüm çäreleriň biri boldy. Geçen ýylky söwda festiwalyna 14 müňe golaý halkara brendler gatnaşdy.