Dünýäniň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýalary – Fransiýanyň “Airbus” hem-de ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýalary täze uçar sargytlaryny aldy. “Airbus” şereketi özüniň Amerikadaky hyzmatdaşy “Indigo Partners” kompaniýasy bilen umumy bahasy 49,5 milliard dollara barabar bolan 430 uçar satyn almak hakynda ylalaşyga gol çekişdi. Bu Ýewropa kompaniýasynyň taryhyndaky iň uly geleşigi boldy.
Ylalaşyga görä, 273 sany “Airbus-A320neo” hem-de 157 sany “Airbus-A321neo” kysymly uçarlar eýesine gowşurylar. “Airbus-A320neo” kysymly uçaryň bahasy 108,4 million dollar, “Airbus-A321neo” kysymly uçaryňky bolsa, 127 million dollar.
– “Indigo Partners” kompaniýasy biziň iň uly müşderilerimiziň biri. Köp ýyldan bäri, bu awiakompaniýa uçar satýarys. Nobatdaky uçar sargydy diýseň begendirýär – diýip, “Airbus Commercial Aircraft” şereketiniň müşderiler bilen işleşmek boýunça müdiri Jon Lih gürrüň berýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň “Flydubai” awiakompaniýasy “Boeing” şereketinden 27 milliard dollar möçberinde 225 uçar sargyt etdi. BAE-niň şereketine 175 sany “Boeing 737 MAX” kysymly uçar öndürilip berler. Şeýle hem 230 ýolagça niýetlenen “Boeing 737 MAX 10” kysymly uçarlaryň 50-si taýýar ediler.
Bu uly göwrümli ylalaşyklar Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen “DUBAI AIRSHOW 2017” atly halkara awiasiýa sergisiniň çäklerinde gazanyldy. Şu ýylyň 12-16-njy noýabry aralygynda geçirilen 15-nji iri awiasiýa sergisinde awia hem-de kosmos senagatyna degişli eksponatlaryň 1200-si köpçülige görkezildi we 5 gün dowam eden sergä 72 müňden gowrak adam tomaşa etmäge geldi.