1891-nji ýylyň 20-nji maýynda belli oýlap tapyjy Tomas Edisonyň döreden kinetoskop atly enjamy tanyşdyrylýar. Kino taryhynyň ilkinji ýyllaryna degişli bolan kinetoskop hereketli suratlary görkezipdir. Bu enjamda penjiredäki deşijek arkaly diňe bir adam hereket edýän suratlary görüp bilýän eken. Adatça kinoda islendik döwürde nähili tehnologiýa ulanylanda-da, bir ýagtylyk çeşmesi sungaty şekilleri perdäniň ýüzüne serpikdirýär. Edisonyň teleskopy şeýle usulda işlemeýär. Şeýle-de bolsa, şekil ýagtylyk arkaly serpikdirilip görkezilendigi üçin kino taryhynyň kämilleşmegindäki ilkinji açyşlaryň biri hasaplanýar.