Iýun aýynyň 14-inden iýul aýynyň 14-ine çenli aralykda Germaniýada geçiriljek EURO 2024-e gatnaşýan ýygyndylaryň tälimçileri toparlaryň düzümlerini mälim etmegini dowam edýär. Çempionlyga dalaşgärleriň biri hasaplanýan Portugaliýanyň ýygyndysynyň hem düzüm mälim bolup, tälimçi gutarnykly düzümi 26 futbolçynyň sanawyny habar berdi. Ispaniýaly tälimçi Roberto Martines düzüme super ýyldyz Kristiano Ronaldony çagyrdy. Bu ýaryş super ýyldyzyň 6-njy Ýewropa çempionaty bolar. Şol sanda tälimçi Pereýra, Dalot, Kanselo, Mendeş, Ruben Diaş, Bruno Fernandeş, Witiniýa, Gonsalu Ramuş, Žoao Feliks, Rafael Leao ýaly ýyldyz oýunçylary hem çagyrdy.

 

DERWEZEÇILER

Diogo Koşta («Porto»), Žoze Sa («Wulwerhempton»), Rui Patrisiu («Roma»);

GORAGÇYLAR

Antonio Silwa («Benfika»), Danilo Pereýra (PSŽ), Diogo Dalot («Mançester Ýunaýted»), Gonsalo Inasiu («Sporting»), Žoao Kanselo («Barselona»), Nelson Semedu («Wulwerhempton»), Nunu Mendeş (PSŽ), Pepe («Porto»), Ruben Diaş («Mançester Siti»);

ÝARYMGORAGÇYLAR

Bruno Fernandeş («Mançester Ýunaýted»), Žoao Neweş («Benfika»), Žoao Palinýa («Fulham»), Otawio («Al-Nasr»), Ruben Neweş («Al-Hilal»), Witinýa (PSŽ);

HÜJÜMÇILER

Bernardo Silwa («Mançester Siti»), Kristiano Ronaldo («Al-Nasr»), Diogo Žota («Liwerpul»), Fransişku Konseýsao («Porto»), Gonsalu Ramuş (PSŽ), Žoao Feliks («Barselona»), Pedro Neto («Wulwerhempton»), Rafael Leao («Milan»).