Ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny ýaýratmaga, hakykaty çeper keşplerde beýan edýän milli, medeni, ahlak, taryhy we edebi gymmatlyklaryň kemala gelmegine, çeper halk döredijiligini hem-de sungatyny ösdürmäge uly goşant goşan ussatlaryň biri hem Durdy Gylyçdyr. Ol 1886-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hojakümmet obasynda dogulýar. Oba arasynda Durdy Gylyjyň kakasyna Abdyrahman Gylyç uzyn ogly diýlipdir. Ol öz döwründe pälwançylyk, şahyrçylyk edipdir. Onuň aýaly Eneşden üç sany perzendi (Ata Gylyç, Durdy Gylyç, Gökje Gylyç) bolupdyr. Abdyrahman Gylyç etrabyň Bedirkent, Kerpiçli, Hojakümmet obalarynda ýaşap geçipdir. Ol Diregli, Polosoltan, Hangala, Aksaraý, Buzgömen, Temeç, Yzmykşir, Işmaltapan, Derekliýap, Öwlüýaboýy, Garaýyk, Daýhanýap, Hatartam, Garagulak, Boýunbaş, Kyrkgyz, Wekilgala, Ýaňyýap ýaly obalaryň döredijilik wekilleri bilen gatnaşykda bolupdyr.
Şahyr üç ýaşynda mama keseline uçrap, gözünden mahrum bolýar. Şahyr çagalykda uçursyz ýatkeşligi bilen tapawutlanýar. Alty ýaşynda ata-eneden mahrum bolup, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçiren Durdy Gylyç 1905–1915-nji ýyllar aralygynda özüni medeniýetiň täzelikçisi, halk ertekiçisi, dessanlary aýdyjy ozan hökmünde tanadýar. Ol Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň, Baýly şahyryň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Keminäniň döredijiliginden köpsanly bentleri, kyssalary ýat tutupdyr. Onuň edebi ykbalyna Nowaýynyň, Nyzamynyň, Garajaoglanyň, Nesiminiň, Ýunus Emräniň, Omar Haýýamyň eserleri güýçli täsir edipdir. Şol döwürde ol 3 müň setirden gowrak goşgyny, 4 sany dessany ýatdan bilmegi başarypdyr.
1916–1918-nji ýyllarda şahyr özüni mertlige, watançylyga, agzybirlige gönükdirilen sazlary çalýan, aýdymlary aýdýan senetkär hökmünde tanadýar. Hemişe ak eşekli, gyrmyzy donly, gara telpekli, ak gaýma tahýaly gezen şahyr bu döwürde etrabyň obalarynda sowatsyzlygy ýok etmekde, täze elipbiýi wagyz etmekde, halk döredijiligini muşdaklara aýdyp bermekde halypalyk göreldesini görkezýär. Ol Gajar bagşy, Hally bagşy, Ata Salyh, Ata Gowşudow, Garaja Burunow, Ýakup Nasyrly, Oraz Täçnazarow, Şaly Kekilow, Mollamurt, Körmolla, Berdi Kerbabaýew, Çary Aşyrow, Agahan Durdyýew, Şaja Batyrow, Rahmet Seýidow, Aşgabat–Moskwa atly ýörişiniň gahrymanlary Nepes Garahanow, Babajan Şükürow, Pälwan bagşy, Emin bagşy, Çuwal bagşy, Sopy Amanow ýaly döwürdeşleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr.
1919-njy ýyldan başlap häzirki «Türkmenistan» gazetiniň ilkinji sanlary bolan «Sedaýe fukara», «Daň ýyldyzy», «Gyzyl Ýyldyz» neşirleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi Durdy Gylyjyň ykbalynda täze döredijilik gözýetimlerini açýar. Şahyr Kesearkaç we Mary sebitlerinde ýaşap, «Çatma», «Eşekli», «Jykyr», «Gara gözli gelin», «Perim», «Begler», «Watan üçin» ýaly goşgularyny we «Tekenama» poemasyny döredýär. 1927–1949-njy ýyllar aralygynda döreden «Emekli», «Zalymlar», «Zamanaň geldi», «Ylym okalyň», «Biziň Türkmenistanda», «Ýörüň», «Iberiň urşa», «Gurban Durdy», «Okamaly, ýoldaşlar», «Agzybirlik», «Göwnüm», «Halkym», «Moskwa» ýaly wagyz-nesihat häsiýetli şygyrlary ýazypdyr.
1927-nji ýylda Durdy Gylyç Türkmenistan Sowetleriniň ikinji gurultaýyna delegat bolup gatnaşýar. Onuň metbugatda çykan ilkinji şygry «Sýezdden» ady bilen 1927-nji ýylyň 7-nji aprelinde «Türkmenistan» gazetinde çap edilýär. Ol Türkmen atly polkunyň aýdym-saz toparynda, radioda bagşyçylyk edýär, 1939-njy ýylda Bütinsoýuz Oba hojalyk sergisine gatnaşýar.
1938-nji ýylyň 6-njy iýunynda ilkinji bolup Durdy Gylyç «Türkmenistanyň halk şahyry» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Şeýle hem ol «Hormat nyşany» ordeni bilen iki gezek sylaglanan raýatlaryň ilkinjileriniň biridir. Şahyr 1950-nji ýylyň 14-nji dekabrynda aradan çykýar we Ysmamytata taryhy binagärlik toplumynyň golaýynda jaýlanýar.
Şahyryň edebi mirasyny H.Taňryberdiýew, Ö.Abdyllaýew, K.Jumaýew, R.Rejebow, B.Şamyradow, N.Aşyrow, J.Allakow, K.Berkeliýew ýaly alymlar öwrendiler. Onuň çeper keşbini B.Seýtäkow, G.Şamyýew, G.Gurbansähedow, H.Meläýew, H.Garabaýew, S.Öräýew ýaly ýazyjylar öz eserlerinde suratlandyrdylar.
Şahyryň sekiz perzendi bolup, onuň nesil daragtyny dowam etdirýän agtyk-çowluklary Görogly etrabynda ýaşaýarlar. Şahyryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen orta mekdebe, geňeşlige hem-da daýhan birleşigine ady dakyldy. 1976-njy ýylda şol mekdebiň baş girelgesinde şahyryň heýkeli oturdyldy we muzeýi açyldy.
Dünýäniň gözelligini köňül gözi bilen gören şahyryň doglan gününe şu ýyl 140 ýyl dolýar. Ýakynda şahyryň muzeýine 1926-njy ýylda Durdy Gylyjyň Etrek etrabynyň Gidriolum obasynyň ýaşaýjysy Hanjan Atjanowa sowgat beren, altynsow reňkli taryhy sandygynyň gelip gowuşmagy şahyryň ýubileý senesiniň öňýanynda oba ilaty we muzeý gymmatlyklary üçin ajaýyp sowgatlaryň biri boldy.
Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
PDF








