Italiýaly alym, ma­te­ma­tik hem-de su­rat­keş Leo­nar­do da Win­çi­niň “Sal­wa­tor Mun­di” at­ly meş­hur ese­ri re­kord ba­ha sa­tyl­dy. Nýu Ýork­da­ky “Chris­tie’s” mu­zeý öýün­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da bu ta­ry­hy eser ady bel­li edil­me­dik işe­wür ta­ra­pyn­dan 450,3 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn alyn­dy. Bu şu wag­ta çen­li sun­gat eser­le­ri­ne tö­le­nen iň ýo­ka­ry ba­ha diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Öň­ki re­kord 300 mil­li­on dol­lar bi­len Wil­lem de Koo­nin­giň “In­terchan­ge” at­ly ese­ri­ne de­gi­şli­di.
1500-nji ýyl­la­ra de­giş­li bo­lan Da Winçiniň bu kar­ti­nasyna di­ňe “Sal­wa­tor Mun­di” di­ýil­män, oňa “Dün­ýä­niň ha­las­gä­ri” hem di­ýil­ýär. Su­ra­ty Da Win­çi 1506–1513-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da çe­kip­dir diý­lip çak­la­nyl­ýar. Oňa il­kin­ji bo­lup, iň­lis ko­ro­ly I Çarlz eýe çyk­ýar. 1900-nji ýyl­lar­da tä­ze­den ta­py­lan bu ese­ri iň­lis kol­lek­sio­neri sa­tyn al­ýar. 1958-nji ýyl­da ol su­ra­tyň asyl nus­ga­sy däl diý­lip, 60 dol­la­ra sa­tyn alyn­ýar. Az­da-kän­de ze­per ýe­ten kar­ti­na 2005-nji ýyl­da dürli bar­lag­lar­dan, sel­je­riş­ler­den ge­çi­ril­ýär we onuň ha­ky­kat­da­nam Da Win­çi­niň ese­ri­di­gi anyk­la­nyl­ýar. “Re­na­is­sance” döw­rü­niň ese­ri bo­lan bu kar­ti­na­ny şol ýyl rus­si­ýa­ly işe­wür Dmit­riý Ry­bo­low­lew 127,5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn alýar.