Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Italiýanyň ýygyndysynyň giňeldilen düzümi mälim edildi. Luçano Spalletti düzüme häzirlikçe 30 futbolçyny çagyryp, ol ýakyn günlerde 26-a düşüriler. Çagyrylan futbolçylaryň 3-sinden galany “Serie A”-da çykyş edýän oýunçylardyr. Şol 2 oýunçynyň 2-si bolsa derwezeçiler Janluiji Donnarumma bilen Gulelmo Wikario bolup, beýlekisi-de Žoržiniodyr. 8 aý jerime alan “ýuwentusly” Nikolo Fajolini hem düzüme aldy. Matteo Politano, Çiro Immobile, Manuel Lokatelli, Jakomo Bonawentura, Alessandro Florenzi ýaly ozal milli toparda telim gezek oýnan oýunçylary çagyrmady.
Çempion “Interden” 6 futbolçy çagyran Spalletti wise-çempion “Milandan” ýeke futbolçyny hem düzüme almady. Italiýanyň ýygyndysy “B” toparçada Ispaniýadyr Horwatiýanyň hem-de Albaniýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER
Janluiji Donnarumma (PSŽ), Aleks Meret («Napoli»), Iwan Prowedel («Lasio»), Gulelmo Wikario («Tottenhem»);
GORAGÇYLAR
Françesko Açerbi, Alessandro Bastoni, Matteo Darmian, Federiko Dimarko (hemmesi-de – «Inter»), Rikkardo Kalafori («Bolonýa»), Raul Bellanowa, Alessandro Buonžorno (ikisem – «Torino»), Andrea Kambýazo («Ýuwentus»), Jowanni Di Lorenso («Napoli»), Janluka Mançini («Roma»), Jorjo Skalwini («Atalanta»);
ÝARYMGORAGÇYLAR
Nikolo Barella, Dawide Frattezi (ikisem – «Inter»), Žoržinio («Arsenal») Braýan Kristante, Lorenso Pellegrini (ikisem – «Roma»), Samuele Riççi («Torino»), Maýkl Folorunşo («Werona»), Nikolo Fajoli («Ýuwentus»);
HÜJÜMÇILER
Federiko Kieza («Ýuwentus»), Stefan El-Şaarawi («Roma»), Rikkardo Orsolini («Bolonýa»), Jakomo Raspadori («Napoli»), Mateo Retegi («Jenoa»), Janluka Skamakka («Atalanta»), Mattia Zakkani («Lasio»).