Hindi medeniýetini we sungatyny özboluşly beýan edýän «Bolliwudyň» kinolarynyň muşdaklarynyň sany az däl. «Bolliwudyň» filmleriniň esasy temasy söýgi we maşgala gymmatlygy bolup, duýguly sahnalara we dartgynly wakalara baýdygy bilen tapawutlanýar. «Bolliwud» diýlende, ilki bilen, tans we aýdym-saz göz öňüňe gelýär. Hindi kinolarynda ýerine ýetirilýän romantik aýdymlary aktrisa ýa-da artistiň özi ýerine ýetirýän ýaly görünse-de, olar aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şeýle sungat ussatlarynyň biri hem Udit Naraýandyr.
Hindi kinolarynyň köpüsiniň sazyny ýazyp, aýdymyny ýerine ýetiren ussat aýdymçy Udit Naraýan sungata uly goşant goşan şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Hindi, telugu, kannada, tamil, bengal, sindhi, nepal, assam we maitili ýaly birnäçe dilde aýdymlary ýerine ýetiren U.Naraýan Ja 1955-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Bihar ştatynyň Baisi obasynda dünýä inýär. Zehinli aýdymçynyň kakasy Herekrişna Janyň asly nepally bolup, daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Ejesi Bhuwaneşwari Dewi asly hindistanly bolup, döwrüniň iň meşhur aýdymçylarynyň biri hasaplanypdyr. Naraýan Hindistanyň Bihar ştatynyň Supaul şäherinde orta mekdebi tamamlap, Nepalyň Katmandu şäherindäki Tribhuwana uniwersitetinde bilim alýar. Çagalykdan ejesiniň goldawy bilen aýdyma höwesli bolan Naraýan 1970-nji ýylda Nepalyň radioýaýlymynda halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirip başlaýar. 1978-nji ýylda Hindistanyň Mumbaý şäherine göçüp gaýtmagy bilen ýaş zehiniň aýdym-saz karýerasy ösüp başlaýar. Naraýan Mumbaýda aýdym aýtmagy kämil derejede öwrenip, professional karýera ýetýär. Ol hindi dilinde ilkinji gezek «Unis-Bis» (1980 ý.) filminde Mohammed Rafi bilen bilelikde aýdym aýdýar. Soňra «Qayamat Se Qayamat Tak» (1988 ý.) filminde «Papa Kehte Hain» aýdymyny ýerine ýetirip, Hindistanda meşhur bolýar we ilkinji «Filmfare» baýragyny gazanýar.
1980-2000-nji ýyllar aralygynda Amitabh Baççanyň, Aamir Hanyň, Şahruh Hanyň, Salman Hanyň, Akşaý Kumaryň we Ajaý Dewganyň dürli keşplerdäki aýdymyny ýerine ýetiren Udit Naraýan 25 müňden gowrak aýdymyň awtorydyr. Hindi-nepal aýdymçysy, aktýory, telealypbaryjysy we prodýuseri U.Naraýan 4 gezek «National Awards», 5 sapar hem «Filmfare» baýraklaryny gazanýar. Galyberse-de, ol «Padma Şri» we «Padma Bhuşan» ýaly döwlet baýraklarynyň hem eýesidir. Oňa hindi aýdym-saz sungatyna goşan goşandy üçin Lata Mangeşkar tarapyndan «Playback Singing Prince» (hindi kinolaryndaky aýdymlary aýtmagyň şazadasy) ady berilýär. Häzirki wagtda 70 ýaşly aýdymçy ogly Aditýa Naraýan bilen bilelikde Hindistanyň dürli şäherlerinde janly sesde konsertleri guraýar.
PDF








