Ýurdumyzda daşary syýasat ugry parahatçylyk söýüjilik hem-de «Açyk gapylar» syýasaty esasynda alnyp barylýar. Şol ugra gönükdirilen daşary syýasatda dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Türkmenistan GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurdumyz guramanyň çäklerindäki sammitlere hem-de iri halkara maslahatlardyr mejlislere, şol bir wagtda bu guramanyň iri halkara çärelerine gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu iri ýokary derejedäki sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza Azerbaýjan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan wekilçilikli toparlar ýurdumyza geldiler.
Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi.
Türkmenistan GDA-nyň döredilmeginde uly orun eýelän ýurtlaryň biridir. Beýleki döwletler bilen birlikde, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň agzalarynyň içeri hem-de daşary syýasatlarynyň dürli ulgamlarynda deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegi baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna Türkmenistan tarapyndan hem gol çekildi. 2005-nji ýylyň 26-njy awgustynda Kazanda geçirilen sammitde GDA döwletleriniň Baştutanlary hakyky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda Türkmenistanyň Arkalaşyga gatnaşygynyň assosirlenen agza hökmünde dowam etdirjekdigi baradaky beýannamany kabul etdiler.
Şol döwürden bäri Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda GDA boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde köp sanly iri maksatly taslamalary durmuşa geçirdi. Energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlyk taslamalary durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 2 milliard 600 million, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 16,5 göterim bolandygyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyz Hazar-Gara deňziniň ugry we Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Aýlag we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen logistika mümkinçilikleriniň we ulag aragatnaşygynyň ýokarlanmagyna uly üns berýär we GDA döwletlerini hem ulag hyzmatdaşlygyna işjeň çekmek ugrunda giň tagallalar edýär.
Bu gurama başlyklyk hem eden ýurdumyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygyň özenini düzdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagy ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň hem-de onuň daşary-syýasy strategiýasynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwletmyrat NYÝAZBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.