Gyrgyz Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow 24-nji noýabrda resmi taýdan wezipesine başlady. Ýurduň prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy “Al-Arça” döwlet kabulhanasynyň “Enesaý” zalynda geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilleri, parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Ýurduň saýlanan Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Oňa ýurduň döwlet Baştutanynyň şahadatnamasy, döşe dakylýan nyşany hem-de Prezident tagmasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra ýurduň täze Prezidenti Žeenbekow bilen ozalky Prezident Almazbek Atambaýew Žokorku Keneş (parlament) binasyna bardy. Şondan soňra olar döwlet baştutanynyň iş otagyna bardylar.
Ýurduň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy teleýaýlymlarda göni ýaýlymda görkezildi. Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy – Prezident saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlaryň netijesi boýunça Sosial-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Sooronbaý Žeenbekow sesleriň 54,28 göterimini gazanyp, prezidentlige saýlandy.