Köpiňiz jins jalbarlaryň sag tarapdaky jübüsinde goşmaça kiçijik jübini gören bolsaňyz gerek. Belki-de käbiriňizde kiçijik jübiniň näme üçin goýlandygy, oňa näme salyp boljakdygy barada pikirler ýa-da soraglar hem dörändir. Eýsem, egin-eşik dizaýnynda irki ýyllarda orun alan kiçijik jübi näme üçin gerek? Geliň, jins jalbarlardaky kiçijik jübiniň näme üçin gerekdigini öwreneliň!
Jinsdäki kiçijik jübä käbir adam teňňe ýa-da ýeňilräk zat salsa-da, bu jübiniň goýulmagynyň maksady başgadyr. Irki döwürlerde adamlar dürli görnüşli sagatlary ulanypdyrlar. Hatda Ýewropada sagat götermek medeniýetiň, işewürligiň nyşany bolup, şol ýyllarda her bir erkek adamyň ýanynda ýüzi gapaklyja zynjyrly sagatlary bolupdyr. Goşar sagatlary oýlanyp tapylmazyndan öň ulanylan zynjyrly sagatlar jübüde göterilipdir. Uly jübüleriň tagaşyksyzdygy sebäpli zynjyrly sagatlar üçin kiçijik jübüler oýlanyp tapylýar. Egin-eşik dizaýnynyň taryhynda kiçijik jübüler «sagat jübüleri» diýlip hem atlandyrylýar.
Häzirki wagtda hem jins jalbarlarda kiçijik jübüler goýulýar. Munuň sebäbi jinsleriň nusgawy dizaýnynyň üýtgedilmezligi bilen düşündirilýär. Käbir penjek-jalbarda hem «bäşinji jübi» diýlip atlandyrylýan kiçijik jübüler goýulýar.
Gysgaça taryhy
Jins berk matadan tikilýän balak bolup, 1873-nji ýylda Jeýkob Deýwis we Lewi Strauss tarapyndan oýlanyp tapylýar. Şol ýyllar jins sözi jübüleri mis bilen berçinlenen «gök balak» diýmegi aňladypdyr. 1950-nji
ýyllarda berk matadan tikilen gök balaklar, esasan hem, ýetginjekleriň arasynda meşhur egin-eşik nyşanyna öwrülýär. 1960-njy ýyllarda dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda ýaýrap başlaýar. Häzirki wagtda her ýyl 10 milliard
töweregi jins jalbar öndürilýär.