Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II dünýäniň iň ýaşuly ýolbaşçysy hökmünde kabul edildi. Ol Zimbabweniň 93 ýaşyndaky Prezidenti Robert Mugabeniň işini tabşyrmagy bilen köp ýyllardan bäri ýurdy dolandyrýan ýolbaşçy diýen derejä eýe boldy. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.
Neşiriň bellemegine görä, 91 ýaşyndaky Ýelizaweta II Beýik Britaniýanyň syýasatçylarynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýurdy dolandyrmakda rekord goýdy. Golaýda, 20-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II hem-de onuň ýanýoldaşy Edinburg gersogy Filipp durmuş gurmagynyň 70 ýyllygyny belläp geçdi.
Şeýle hem neşirde bellenip geçilişi ýaly, dünýäniň iň garry ýolbaşçylary sanawynda ikinji orny Tunisiň Prezidenti 90 ýaşyndaky Beji Kaid Es-Sebsi eýeleýär. Üçünji orunda bolsa, 88 ýaşyndaky Kuweýt döwletiniň Emiri Sabah al-Ahmed as-Sabah durýar.