Aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­ýan hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ýan­gyç se­riş­de­le­ri ar­ka­ly he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň or­nu­ny tut­ma­ga çe­me­leş­ýän elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag önüm­çi­li­gi­ne ge­çi­lip baş­lan­dy. Dün­ýä­niň köp san­ly iri ulag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry elekt­rik to­gy bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry ön­dür­mä­ge gi­ri­şen hem bol­sa, ýe­ne-de san­ly­ja ýyl­dan tä­ze gör­nüş­li ulag­lar giň­den ula­nyl­ma­ga baş­la­nar. Go­laý­da ABŞ-nyň “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ýük ula­gy­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Bu ýag­daý dün­ýä met­bu­ga­tyn­da giň ses­len­me dö­ret­di.
Şol bir­wagt­da Ýew­ro­pa­da, ga­ly­ber­se-de, tu­tuş dün­ýä­de ulag önüm­çi­li­gin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen AG” kon­ser­ni 2018–2022-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 22,8 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de se­riş­de sarp et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu pul se­riş­de­le­ri di­ňe bir elekt­ro­mo­bil­le­riň önüm­çi­li­gi üçin däl, eý­sem, öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň hem-de san­la­ýyn teh­no­lo­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gin­de-de peý­da­la­ny­lar. Umu­man, Ger­ma­ni­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­sy ge­le­je­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy üçin um­ma­syz köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum goý­mak­çy.
– Uzak möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­ny elekt­rik to­gy bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň ba­za­ryn­da bi­rin­ji or­na çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar – diý­lip, “Volks­wa­gen AG” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Mat­ti­as Mýul­le­riň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär. “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy “Audi”, “Sko­da” hem-de “Se­at” ýa­ly mar­ka­la­ry­ny hem öz için­de jem­le­ýär. 2025-nji ýyl­da 1 mil­li­on tö­we­re­gi elekt­ro­mo­bil ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär.