Hin­dis­tan Aýy öw­ren­mek bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. Bu ba­ra­da Hin­dis­ta­nyň kos­mos bar­lag­la­ry gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ki­ran Ku­mar ha­bar ber­di. Ol ýur­duň Ban­ga­lor şä­he­rin­de ge­çi­ri­len kos­mos agent­lik­le­ri­niň 24-nji Azi­ýa fo­ru­my­na gat­naş­dy. Ki­ran Ku­mar Aýy öw­ren­mek ba­bat­da Hin­dis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Hin­dis­tan hem-de Ýa­po­ni­ýa öz­baş­dak­ly­gy­na Aýy öw­ren­mek ba­bat­da mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­la­dy. Ýa­po­ni­ýa 2007-nji ýyl­da “Ka­gu­ýa” at­ly älem en­ja­my­ny, Hin­dis­tan bol­sa, 2008-nji ýyl­da “Çand­ra­ýan-1” at­ly kos­mos en­ja­my­ny Aýa uçur­dy. Hin­dis­ta­nyň met­bu­ga­tyn­da bel­le­nip ge­çi­li­şi ýa­ly, “Çand­ra­ýan-1” mak­sat­na­ma­sy üçin 80 mil­li­on dol­lar sarp edil­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Ka­gu­ýa” mak­sat­na­ma­sy 480 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Her iki döw­let bu ugur­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni öza­ra paý­la­şyp, hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.