Geçen hepdäniň ýekşenbe güni Çili Respublikasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Onuň birinji tapgyrynyň netijeleri boýunça ozalky döwlet Baştutany Sebastýan Pinýera 37 göterim ses aldy. Onuň esasy bäsdeşi metbugat wekili Alehandro Gilýer saýlawçylaryň 23 göterim sesini eýeledi.
Konserwator, milliarder Pinýera “Çili, öňe!” toparynyň dalaşgäri hökmünde saýlawa gatnaşdy. Senator Gilýer bolsa, ýurdy dolandyrýan koalisiýanyň düzümine girýän partiýalaryň birine wekilçilik edýär. Saýlawlarda üçünji orny ýene-de bir metbugat wekili, habarçy Beatris Sançes eýeledi. Ol 20 göterimden gowrak ses aldy.
Çilidäki esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan Prezident saýlawlaryna jemi 8 dalaşgär gatnaşdy. Olaryň birine-de 50 göterimden gowrak ses almak başartmady. Şeýlelikde, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Onuň geçirilmeli senesi hökmünde 17-nji dekabr bellenildi.
67 ýaşyndaky telekeçi Pinýera gaýtadan prezidentlige saýlanyp, saýlawçylary üçin taýýarlan maksatnamasyndaky wezipelerini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Ol orta derejedäki raýatlaryna, çagalar hem-de pensionerlere iň gowy gelejek wadasyny etdi. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýän Pinýeranyň emläginiň 2 milliard dollara barabardygy aýdylýar. Sebastýan Pinýera 2010-2014-nji ýyllarda ýurduň Baştutany bolupdy.
Saýlawyň esasy dalaşgärleriniň ýene-de biri 64 ýaşyndaky sosiolog hem-de žurnalist – Alehandro Gilýerdir. Ol ozal senator wezipesinde işlän.
Ýurtda prezident saýlawlary bilen bir wagtda parlament saýlawlary hem geçirildi. 2015-nji ýylda çykarylan kanuna laýyklykda, parlamentiň her iki palatasynyň düzümindäki deputatlaryň sany köpeldildi. Senatyň düzümi 38-den 50-ä, deputatlar palatasynyň düzümi bolsa, 120-den 155-ä ýetirildi.