Aşa ýokary tizlikli kompýuterleri öndürmekde we peýdalanmakda Hytaýyň öňdeligi eýeleýändigi habar berildi. Golaýda ýaýradylan dünýäniň iň gowy superkompýuterleriniň sanawynda Hytaýyň 202 kompýuteri sanawa goşuldy. Täze ýaýradylan sanawda ABŞ-nyň 144 enjamynyň bardygy bellenilýär. Tutuş binany öz içine alýan we müňlerçe mikroprosessordan emele gelen bu enjamlar ylym-bilim ulgamynda, howanyň ýagdaýyny çaklamakda, uçarlaryň taslamalaryny taýýarlamakda peýdalanylýar. Her ýylda iki gezek ýaýradylýan sanaw Berklidäki Lourens adyndaky milli laboratoriýasy hem-de Tennessi uniwersiteti tarapyndan taýýarlanýar. Kompýuterlere baha berlende matematik amallary hasaplaýyş tizligi göz öňünde tutulýar. Sanawyň başyny iki ýyldan bäri Hytaýdaky iki kompýuter eýeleýär. Emma ýakyn geljekde IBM tarapyndan öndüriljek “Summit” kompýuteriniň birinji basgançaga çykmagynyň mümkindigi bellenilýär. Ol enjam 930 müň inedördül meýdany öz içine alýar we ony işletmek hem-de sowatmak üçin 20 megawatt elektrik ulgamyna zerurlyk duýulýar. Bu mukdardaky elektrik energiýasy 16 müň 300 hojalygy tok bilen üpjün edip biler.