Birleşen Arap Emirlikleri we Hytaý BRICS toparynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmekçi. Bu barada BAE-niň Prezidenti Muhammet bin Zaýed al-Nahaýanyň Pekine eden saparynda kabul edilen iki ýurduň bilelikdäki beýanynda bellenilýär.
“Iki tarap hem birleşigiň agzalarynyň gözleýän maksatlaryna we isleglerine ýetmek üçin BRICS toparynyň içinde hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini tassyklady” diýlip, resminamada bellenilýär. Bu barada emirligiň habarlar gullugy WAM mälim etdi.
30-njy maýda Pekinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammet bin Zaýed bilen Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. WAM-yň habar berşi ýaly iki ýurduň ýolbaşçylary “hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary” barada pikir alyşdylar.
2023-nji ýylyň awgust aýynda BRICS toparyna alty sany täze agza çagyryldy. Bäş täze agza – Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa 1-nji ýanwarda Russiýanyň başlyklygynda BRICS-de işe başlady.