Angliýanyň London şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtobuslar kofe garylan dizel ýangyjy bilen işlemäge başlady. Şeýle awtobuslar 20-nji noýabrdan bäri şäheriň köçelerinde hereket edýär.
Londonyň jemgyýetçilik ulaglaryny dolandyrýan “Transport for London” (Tfl) kompaniýasy bioýangyçlardan peýdalanyp, daşky gurşawy hapalamagyň öňüni almaga synanyşýardy. Emma şeýle üýtgeşik ýangyç bu ýerde ilkinji gezek ulanylýar.
Kofäniň galyndylaryny gaýtadan işlemek senagaty bilen “bio-bean” kompaniýasy meşgullanýar. Kompaniýa kofe löderesinden gerekli mukdarda ýangyç öndürdi. Kompaniýanyň ýaýradan maglumatyna görä, Londonyň ýaşaýjylarynyň sarp edýän kofesinden her ýylda 200 müň tonna lödere emele gelýär. Telekeçiler olary kafelerden ýygnap alyp, ony gaýtadan işläp, ýangyç derejesine getirýär. Bir awtobusyň bir ýyldaky ýangyç gory üçin 2,55 million çaşka kofeden soňra emele gelen çökündi gerek.