«Bent­ley»-iň tä­ze baş­ly­gy. 1-nji iýul­dan baş­lap Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy «Bent­ley»-e Frank-Ştef­fen Wal­li­zer ýol­baş­çy­lyk eder. «Bent­ley»-iň ozal­ky baş­ly­gy Ed­ri­an Holl­mark şu ýy­lyň mart aýyn­da «As­ton Mar­tin»-iň baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin kom­pa­ni­ýa­dan git­di.

Ýan­gyç gu­ýu­jy ro­bot. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bi­dä­ki ýan­gyç be­ket­le­riň bi­rin­de ýan­gyç guý­ýan ro­bot peý­da bol­dy. Eme­li aň­ly en­ja­my ýer­li in­že­ner­le­r oý­lap tap­dy. Bu teh­no­lo­gi­ýa ýan­gyç guý­mak iş­le­ri­ni tiz­leş­di­rip, sürüjileriň wagtyny tygşytlamagyna ýardam be­rer.

Köp ça­ga­ly­ly­gyň peý­da­sy. Ýel uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) alym­la­ry maş­ga­la­nyň ulu­ly­gy bi­len ene-ata­nyň akyl sag­ly­gy­nyň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy ýü­ze çy­kar­dy­lar. Köp ça­ga­ly­la­ryň beý­ni­si az ça­ga­ly­la­ryň­ka ga­ra­nyň­da, has ýaş bol­ýan eken. Şeý­le-de, köp ça­ga­ly­lar iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe bo­lup, bu ýag­daý ola­ryň akyl sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.

Uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Bir­min­gem şä­he­rin­de ýa­şa­ýan 100 ýaş­ly ze­nan ru­hu­be­lent­li­gi we gel­je­ge umyt­ly ga­ra­ma­gy uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry ha­sap­la­ýar. «Dur­muş­da ýü­ze çyk­ýan me­se­le­ler hak­da pi­kir edip özü­ňi kö­se­mek dürs däl, iň go­wu­sy, kyn me­se­le­ler­den akyl­ly-baş­ly çy­kal­ga göz­le­me­li» di­ýip, Sil­wi­ýa Mogg gür­rüň ber­ýär.

Il­kin­ji kompýuter auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Dün­ýä­de il­kin­ji ta­la­ba­la­ýyk per­so­nal komp­ýu­ter ha­sap­lan­ýan 1972-nji ýy­lyň Q1 komp­ýu­te­ri­niň seý­rek nus­ga­sy ABŞ-da «He­ri­ta­ge» auk­sio­ny­na çy­ka­ryl­dy. Öz döw­rün­den öňe gi­den bu yk­jam komp­ýu­ter Lon­don­da tö­tän­le­ýin ta­pyl­dy. Onuň baş­lan­gyç ba­ha­sy 32 müň dol­lar.

Wo­do­rod ýangyçly ilkinji ýah­ta. Ni­der­land­la­ryň «Feads­hip» gä­mi abat­la­ýyş kär­ha­na­sy dün­ýä­niň il­kin­ji wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ýah­ta­sy bo­lan «Pro­ject 821»-i ula­ny­şa gi­riz­di. «Pro­ject 821»-iň uzyn­ly­gy 119 metr, ini 19 metr. Bu ýah­ta­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy iň ýe­ňil hi­mi­ki ele­ment bo­lan wo­do­rod­ bilen iş­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň bol­ma­gy­dyr.

Jon Len­no­nyň gi­ta­ra­sy. Dün­ýä bel­li bri­tan aý­dym-saz to­pa­ry «The Be­at­les»-iň ag­za­sy Jon Len­no­nyň 50 ýyl mun­dan öň «ýi­ti­ri­len gi­ta­ra­sy» Nýu-Ýork­da­ky «Ju­li­en» auk­si­onyn­da 2 mil­li­on 857 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. 12 tar­ly akus­ti­k gi­ta­rany 1965-nji ýyl­da Jon Len­non we gi­ta­ra­çy Jorj Har­ri­son çalypdyr.

Glo­bal ba­za­ra çyk­dy. Hin­dis­ta­nyň «Ta­ta Electro­nics» kompaniýasy ýa­rym ge­çi­ri­ji­le­riň glo­bal ba­za­ry­na çyk­dy. Kom­pa­ni­ýa ABŞ-dan, Ýa­po­ni­ýa­dan we bir­nä­çe ýew­ro­paly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de ön­dü­ri­len mik­ros­he­ma­la­ryň çäk­li top­lu­my­ny eks­por­ta iber­di. Täjirçilik maksatly önüm­çi­li­k 2027-nji ýy­lda ýola goýlar.

Diş ös­dür­ýän der­man. Şu ýy­lyň güý­zün­de Ýa­po­ni­ýa­da gi­po­don­ti­ýa­ny, ýag­ny diş­le­riň do­ga­bit­di ýok­lu­gy­ny be­jer­mek üçin dö­re­di­len tä­ze der­ma­nyň kli­ni­ki sy­nag­la­ry baş­lar. Ki­ta­no­nyň Luk­man­çy­lyk barlaglary ins­ti­tu­ty­nyň (Osa­ka) hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu der­man täze diş­le­riň ösüp çyk­ma­gy­na itergi berer.

Ýyg­nal­ýan köp­ri oý­lanyp tapyldy. Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýol mü­dir­li­gi AST­RA at­ly tä­ze mo­dul­ly yk­jam ge­çel­gä­ni dö­ret­di. Bu gur­na­ma ge­çel­ge sü­rü­ji­le­re aý­la­nyp geç­me­giň ýa-da dyk­ny­şyk­lar­da dur­ma­gyň de­re­gi­ne, ýol iş­le­ri­niň gid­ýän ýe­ri­niň edil ýo­kar­syn­dan geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. AST­RA bir günde gur­nal­ýan bir­nä­çe bö­lek­den yba­rat.