Rus – çeh hyzmatdaşlygy
Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Bu sapar 20-24-nji noýabr aralygynda geçirildi. Çehiýanyň Prezidenti Soçi şäherinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Ýokary derejedäki duşuşykda, esasan hem, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy. Taraplar nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga has köp üns berdiler. Çehiýa Russiýa üçin energiýa serişdeleri boýunça esasy bazar hem-de üstaşyr ýurtdur.
– Nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriň gün tertibindäki esasy wakalaryň biri boldy. Çehiýa rus harytlarynyň diňe bir uly bazary däl, eýsem, rus energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek babatda-da möhüm orun eýeleýär – diýip, Prezident Miloş Zeman gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň dowamynda Çehiýanyň üsti bilen Ýewropa bazaryna 19 milliard kubometrden gowrak tebigy gaz iberildi.
Çehiýanyň Prezidentiniň bu saparynyň çäklerinde umumy bahasy 20 milliard dollara barabar bolan 13 sany ylalaşyga gol çekildi. Olaryň 10-sy Moskwadaky, 3-si bolsa, Ýekaterinburgdaky gepleşikleriň çäklerinde gazanyldy.
Prezident Miloş Zeman Russiýa sapary üçin goşmaça uçar kireýine alnandygyny mälim etdi. Ol bu sapardaky wekiliýetiň düzümine gatnaşmaga isleg bildirýän işewürleri ýany bilen alyp gelendigini belledi.
– Men öz ýanym bilen 140 işewüri getirdim. 2 sany “Airbus” uçary doldy. Üçünji uçary kireýine almaly bolduk -diýip, Miloş Zeman habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.
Uglewodorod ýataklary özleşdirilýär
Boliwiýada 1,5 milliard dollar maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, iri “Iniguasu”, “San-Telmo-Norte” we “Astilero” uglewodorod ýataklary özleşdiriler. Maýa goýum taslamalary bilen baglanyşykly ylalaşyklara Boliwiýada geçirilýän tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň çäklerinde gol çekildi. Gol çekişlik dabarasyna ýurduň Prezidenti Ewo Morales hem gatnaşdy.
“Iniguasu” ýatagyny Boliwiýanyň “YPFB Chaco” kompaniýasy bilen Ispaniýanyň “Repsol”, şeýle hem “Shell” hem-de PAE kompaniýalary bilelikde özleşdirerler. Munuň üçin 900 million dollar sarp ediler. “Astilero” uglewodorod ýatagy ýurduň öz kompaniýalary tarapyndan özleşdirilip, oňa 489 million dollar maliýe serişdesi gönükdiriler. “San-Telmo-Norte” ýatagy bolsa, “YPFB Chaco” hem-de “Petrobras Bolivia” kompaniýalary tarapyndan özleşdiriler.
Boliwiýanyň Santa-Kruse-de-la-Serra şäherinde geçirilen tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynda energetika bazaryna syn berildi. 12 ýurduň ministrleri dünýä energetika bazarynyň ösüşi hem-de energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Bu gurama dünýäniň öňdebaryjy tebigy gaz eksport edýän ýurtlaryny özünde jemleýär. Bu ýurtlar tebigy gazyň tutuş dünýä boýunça 67 göterim goruny eýeleýär. Bu gurama agza ýurtlar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwatorial Gwineýa. Guramanyň ýokary derejedäki ýygnaklaryna Yrak, Gazagystan, Gollandiýa, Norwegiýa, Oman hem-de Peru synçy hökmünde gatnaşýar.