27-nji maý — 7-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat agentligi tarapyndan Maglumat elýeterlilik merkezleriň administratorlary üçin okuw maslahaty («2024 IAC Administrator Training Program») geçirildi. Bu çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda koreý tarapynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlan meýilnamasy esasynda maglumatlary dolandyrmak, maglumatlary öwrenmek, şeýle-de emeli aňyň maglumatlara bolan elýeterliligi gazanmakdaky orny bilen bagly sapaklar guraldy. Koreýanyň häzirkizaman innowasion tehnikalardan baş çykarýan ýokary hünär derejeli hünärmenleri tarapyndan geçirilen okuwlaryň dowamynda oňa gatnaşýan wekiliýetleriň agzalary Koreýa-Afrika forumyna hem gatnaşdylar. Okuw saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, maglumat elýeterliligi we ony innowasion usulda dolandyrmakda görkezijiler boýunça Türkmenistan dünýäniň saýlama 60-a golaý ýurdunyň içinde 2-nji baýrakly orny eýelemegi başardy. Has dogrusy, Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde esaslandyrylan Maglumat elýeterlilik merkezi beýleki ýurtlardaky merkezleriň arasynda 2024-nji ýylyň aýratyn tapawutlanan baýragyna — «Best IAC Center Award 2024» («2024-nji ýylyň iň gowy Maglumat elýeterlilik merkezi baýragy») eýe boldy.

Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň rugsady bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalar ministrliginiň Milli maglumat agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäginde Maglumat elýeterlilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda Innowasiýa maglumat merkezi Günorta Koreýanyň Milli maglumat agentligi bilen özara baglaşan Ähtnamasynyň esasynda öz işlerini alyp barýar.

Çeşme: education.gov.tm